Türkmenistanyň biržasynda bahasy 39 milliondan gowrak 45 geleşik baglaşyldy

  • 31.01.2022 12:38
  • 4.3k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 45-si hasaba alyndy. Olaryň jemi bahasy ABŞ-nyň 39 million 35 müň dollaryndan gowrak boldy.

Daşary ýurt puluna Russiýanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, Beýik Britaniýanyň, Owganystanyň we Gruziýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň degişli kärhanasynda öndürilen ECO-93 awtobenzinini satyn aldylar.
Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň işewürleri nah ýüplügi, guradylan buýan köküni, float aýnasyny satyn aldylar. 
Türkiýäniň, Owganystanyň telekeçileri jemi bahasy 757 müň manatdan gowrak nah ýüplügi we el halylaryny satyn aldylar.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin bahasy ABŞ-nyň 210 müň 272 dollaryna barabar bolan portlandsementi, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen, jemi bahasy 3 million 165 müň manatdan gowrak nebit ýol bitumyny, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar.


düýn 20:46
980

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy 58 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Söwdalaryň netijeleri boýunça daşary ýurt maýasyna nebitgaz, himiýa we dokma önümleri......

düýn 15:32
5.3k+

FT: Argentina 500 müň dollara «altyn pasport» berip başlar

Argentinanyň häkimiýetleri döwlete maýa goýumlaryny çekmek şerti bilen daşary ýurtlulara raýatlyk bermek maksatnamasyny açmagy meýilleşdirýär. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär....

28.06.2026 15:48
5.4k+

Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ......

27.06.2026 19:38
5.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......