Toyota 2021-nji ýylda tas 10,5 mln awtoulag satdy

  • 30.01.2022 10:29
  • 8.1k+

Ýapon awtokonserni Toyota 2021-nji ýylyň jemi boýunça satuwynyň 10,5 mln awtomobil bolandygyny habar berdi. Şeýlelik bilen, kompaniýa awtoulag satuwy boýunça dünýäde birinji ornuny saklady, ikinji orunda 8,9 mln awtomobil bilen Volkswagen ýerleşdi. Bu barada kommersant.ru habar berýär. 

Toyota-nyň ýyllyk hasabatynda “geçen ýyl COVID-19 pandemiýasynyň ýaramaz täsiriniň 2020-nji ýyla garanyňda pes bolandygy” aýdylýar. Netijede, Toyota Motor modelleriniň global satuwy 10,5 mln bolup, bu 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 10,1% köpdür. Toyota-nyň Ýaponiýada satuwy 2,1 mln, Ýaponiýanyň daşynda 8,4 mln awtomobil boldy. Kompaniýanyň umumy önümçilik göwrümi 10 mln awtomobil bolup, bu bir ýyl ozalkydan 9,4% köpdür. 

2021-nji ýylda global satuwyň möçberi boýunça bu kompaniýa diňe Volkswagen bäsdeşlik edip bilýärdi. Ýöne Volkswagen-iň iki hepde mundan öňki hasabatyndan soň munuň üçin mümkinçilik örän azdy: çip ýetmezçiligi bilen bagly dowam edýän kynçylyklar sebäpli Volkswagen-iň global satuwy soňky on ýylda iň pes görkezijä gelip, 8,9 mln awtomobile deň boldy. 

2021-nji ýylda dünýäde awtomobil satuwy boýunça üçünji orny Renault-Nissan-Mitsubishi bileleşigi eýeledi – 7,8 mln awtomobil.

2008-nji ýylda Toyota 70 ýyl töweregi birinji orny eýeläp gelýän General Motors konsernini gysyp çykaryp, ilkinji gezek satuw boýunça dünýäde iň uly awtoöndüriji boldy. 2008-nji ýyldan 2018-nji ýyl aralygynda Toyota birinji orny eýeledi, diňe 2011-nji ýylda bu orny GM-e berdi. 2018-nji ýylyň jemi boýunça dünýäde iň uly awtokonsern Volkswagen boldy.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.1k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......