Kaka we Babadaýhan dokma toplumlarynyň «Jeýtun», «Mäne» atly täze haryt nyşanlary dörediler

  • 29.01.2022 16:57
  • 9k+

Hökümetiň 28-nji ýanwardaky mejlisinde wise-premýer Ç.Gylyjow ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrligi tarapyndan Kaka we Babadaýhan dokma toplumlarynyň täze önümleriniň haryt nyşanlarynyň teklip edilýän görnüşleriniň taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygyny habar berdi we olary türkmen Liderine hödürledi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow dokma önümleriniň “Jeýtun”, “Mäne” atly täze haryt nyşanlaryny makullap, türkmen dizaýnerleriniň içerki bazaryň isleglerini öwrenmek we ilatyň möwsümleýin isleglerinden ugur almak bilen, egin-eşikleriň we beýleki harytlaryň täze görnüşlerini işläp taýýarlamalydyklaryny, önümçilige girizmelidiklerini belledi hem-de wise-premýere bu babatda degişli görkezmeleri berdi.


şu gün 22:20
760

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

şu gün 13:44
2k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

şu gün 07:42
1.3k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....