«Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynyň» taslamasy taýýarlanyldy

  • 29.01.2022 16:55
  • 5.9k+

28-nji ýanwardaky Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow ýurdumyzyň Gurluşyk we binagärlik hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleri, şeýle hem pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde “Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynyň” taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygy barada habar berdi.

Bu maksatnamanyň çäklerinde 2022-nji ýylda halkara we sebitara ähmiýetli wajyp taslamalaryň, şol sanda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamy çekmek işleri dowam etdiriler. Şeýle hem şu ýylda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň birinji tapgyryny tamamlamak göz öňünde tutulýar.

Ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, ýaşaýyş jaýlarynyň, saglyk öýleriniň we merkezleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, ulag ýollarynyň, suw, gaz we elektrik geçirijileriniň, aragatnaşyk ulgamynyň, şeýle hem suw arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna ägirt uly möçberde maýa goýumlar gönükdiriler. Türkmen Lideri maksatnamany ýene bir gezek seljermek we ony gaýtadan işlemek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.


düýn 20:55
1.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......