ÝHHG-de Türkmenistanyň ykdysadyýet we daşky gurşaw boýunça garaýyşlary tanyşdyryldy

  • 29.01.2022 09:31
  • 2.3k+

26-njy ýanwarda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Howpsuzlyk komitetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň resmi wekilleri Türkmenistanyň ykdysadyýet we daşky gurşaw babatda ileri tutýan ugurlary boýunça Beýannama bilen çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň resmi internet saýtynda habar berilýär.

Beýannamada Türkmenistan üçin ÝHHG bilen ykdysady we daşky gurşawy goramak boýunça hyzmatdaşlygynda ileri tutulýan ugurlar hökmünde ulag arkaly aragatnaşygy ösdürmek we söwdany ýeňilleşdirmek, şeýle-de energiýa howpsuzlygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň energiýa we transport ulgamlaryny goramaga, gaýtadan dikeldilýän we durnukly energiýa çeşmelerini goramaga we energiýa netijeliligini ýokarlandyrmaga aýratyn üns berip, energiýa howpsuzlygy pudagynda gepleşikleriň we hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini goldaýandygy nygtaldy.

Mundan başga-da, sessiýada daşky gurşawy talabalaýyk dolandyrmak, howanyň üýtgemegi, suw gorlaryny dolandyrmak, şeýle hem zenanlaryň energiýa taslamalaryna gatnaşmagy ýaly mowzuklar ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň wekiliýeti soňky ýyllarda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Halkara portlaryň sanly ulgamyna birikmäge taýýarlygyna baha bermek üçin hem-de ÝHHG-niň taslamasynyň iş toparynyň ýygnaklaryna işjeň gatnaşandygyny nygtady.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň çykyşynda ýurdumyzyň energiýa howpsuzlygy boýunça BMG we beýleki halkara guramalar, şol sanda ÝHHG-nyň çäginde öňe sürýän başlangyçlary barada-da nygtaldy.


düýn 17:31
936

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:42
2k+

Amazon Ýewropa ammarlardaky robotlar we 25 müň iş ornuny döretmek üçin 10 milliard ýewro ugradar

Amazon kompaniýasy ýakyn ýyllarda Ýewropadaky ammar we logistika ulgamyny giňeltmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga 10 milliard ýewrodan gowrak maýa goýar. Bu maýagoýumlar sebitde goşmaça 25 000 iş ornuny döretmäge......

düýn 15:39
1.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......