«Dostluk» ýatagynyň serişdelerini özleşdirmek boýunça gepleşikler dowam edýär

  • 28.01.2022 15:01
  • 5.7k+

27-nji ýanwarda Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygyň taslamasyny işläp taýýarlamak we ylalaşmak boýunça bilelikdäki Iş toparynyň dördünji mejlisi geçirildi. Oňa toparyň türkmen we azerbaýjan taraplarynyň agzalary gatnaşdylar.

Mejlisiň barşynda iş toparynyň bilelikdäki başlyklary çykyş etdiler, bilermenler toparlarynyň ýolbaşçylarynyň degişli maglumatlary diňlenildi, şeýle-de bilelikdäki Iş toparynyň dördünji mejlisiniň Teswirnamasynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ara alyp maslahatlaşmalaryň barşynda taraplar bilelikdäki ylalaşygyň degişli goşundylarynyň tiz wagtda ylalaşylmagy babatda özara düşünişdiler. Bilermenler toparyna geljekki potratçy-maýadaryň gyzyklanmalaryna dahylly bolan degişli resminamalaryň taslamalarynyň taýýarlanylmagy hem-de ylalaşylmagy bilen bagly bolan hereketleriň işjeňleşdirilmegi tabşyryldy. Duşuşygyň jemleri boýunça Teswirnama gol çekildi.


20.06.2026 11:54
5.2k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......