Bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň onlaýn mejlisi geçirildi

  • 28.01.2022 14:58
  • 3.4k+

27-nji ýanwarda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň ýedinji mejlisi geçirildi. Oňa iş toparynyň türkmen we tatarystan düzümleriniň agzalary hem-de degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň gün tertibine Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin ileri tutulýan ugurlar bilen bagly meseleler girizildi. Taraplar iş toparyň geçen mejlisleriniň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de daşary söwda dolanyşygynyň hasabyna amala aşyrmak arkaly söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, türkmen we tatar kompaniýalarynyň arasynda nebit-gaz we senagat pudaklarynyň dürli ugurlarynda ýakyn gatnaşyklary berkitmek boýunça işleri geçirmegiň zerurdygyny nygtadylar.
Mejlisiň netijeleri boýunça jemleýji Teswirnama gol çekildi.


düýn 16:30
557

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
724

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.8k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......