«Türkmengaz» we «Türkmengeologiýa» konsernlerine karz pul serişdeleri bölünip berler

  • 27.01.2022 13:04
  • 12k+

Ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça göz öňünde tutulan işleriň öz wagtynda amala aşyrylmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi bankyna “Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik bankyna “Türkmengaz” döwlet konsernine nebitgaz ýataklaryny gözlemegiň we özleşdirmegiň hasabyna tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça göz öňünde tutulan işleri maliýeleşdirmek üçin degişli möçberdäki karz serişdelerini bölüp bermek tabşyryldy.

Şeýle-de resminama bilen, Türkmenistanyň Merkezi bankyna “Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik bankyna “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasyna nebitgaz ýataklaryny gözlemegiň we özleşdirmegiň hasabyna tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça göz öňünde tutulan işleri maliýeleşdirmek üçin degişli möçberdäki karz serişdelerini bölüp bermek tabşyryldy.


17.01.2026 08:47
4.8k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
3.7k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...

27.12.2025 13:07
10k+

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry başlanar

2026-njy ýylyň başynda Hytaýyň CNPC nebitgaz korporasiýasy Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga girişer. Bu barada "Nebit-Gaz" elektron neşiri habar berýär...

24.12.2025 14:12
20k+

Tebigy gazy öndürmek boýunça dünýäniň iň iri 10 ýurdunyň reýtingi düzüldi

Tebigy gaz iň möhüm energiýa serişdeleriniň biri bolmagynda galýar, gaz çykarylyşy baradaky iň täze maglumatlar bolsa global bazaryň nähili jemlenendigini görkezýär. ABŞ-nyň Energetika institutynyň "Statistical...