BSGG-niň häzirki direktory Gebreýesus ikinji möhlete saýlanar

  • 26.01.2022 23:42
  • 2.9k+

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýerine ýetiriji komiteti guramanyň häzirki baş direktory Tedros Adanom Gebreýesusyň dalaşgärligini bu wezipä ikinji bäşýyllyk möhlete saýlamaklyga hödürledi. Bu karary Ýerine ýetiriji komitetiň agzalary sişenbe güni Ženewada 150-nji sessiýada kabul etdiler, diýip TASS habar berýär.

Ýerine ýetiriji komitetiň sekretarlygynyň wekili garyşyk görnüşinde geçýän sessiýada gurama tarapyndan kabul edilen teksti okady. Onda bellenilişi ýaly, «Ýerine ýetiriji komitet Tedros Adanom Gebreýesusy Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň baş direktory wezipesine öňe sürýär» we «bu dalaşgärligi 75-nji Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynda hödürleýär».
BSGG-niň ýokary wezipesine ýeke-täk dalaşgär bolan Gebreýesusyň dalaşgärligi boýunça ses berişlik 2022-nji ýylyň 22-28-nji maýynda Ženewada geçirilmegi meýilleşdirilen Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynda geçiriler.


26.06.2026 11:31
3.6k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

18.05.2026 14:46
5k+

BSGG Afrikadaky Ebola keseli sebäpli halkara derejeli adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda we Ugandada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyny jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda halkara ähmiýetli adatdan daşary ýagdaý diýip......