Berdimuhamedowyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» başlangyjy wagyz edilýär

  • 26.01.2022 22:42
  • 3.2k+

25-nji ýanwarda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy tarapyndan Halkara barlaglar we ösüş institutynyň binasynda brifing geçirildi. Türkmenistanyň 2022-nji ýylda daşary syýasatda ileri tutýan ugurlaryna hem-de türkmen Lideriniň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly başlangyjyny ilerletmäge bagyşlanan çärä Azerbaýjanyň, Awstraliýanyň, Belarusuň, Gyrgyz Respublikasynyň, Latwiýanyň, Moldowanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň Ženewada akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr halkara guramalaryň wekilleri çagyryldy.

Çäräniň dowamynda dünýä derejesinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçen 2021-nji ýylyň jemleri hem-de onuň çäklerinde Türkmenistanda guralan iri halkara forumlaryň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň edildi. Bellenilişi ýaly, geçen ýylyň 6-njy awgustynda Awazada geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy, 28-nji noýabrdaky Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti, 11-nji dekabrda guralan «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahat sebit hem-de ählumumy derejede hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm tapgyra öwrüldi. Şunda türkmen Lideri tarapyndan öňe sürlen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly täze filosofiýanyň halklaryň arasynda parahatçylyk we özara ynanyşmak medeniýetini berkitmekdäki ähmiýetine aýratyn üns berildi. 

Brifingiň ahyrynda käbir halkara guramalaryň ýolbaşçylaryna hormatly Prezidentimiziň degişli Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmakda, Watanymyzyň halkara derejedäki abraýyny berkitmekde bitiren hyzmatlary nazara alnyp, 2020-nji ýylyň dekabrynda berlen «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Ýubileý medaly  bilen sylaglananlaryň hatarynda BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Olga Algaýerowa, Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň ozalky ýolbaşçysy Frensis Garri hem-de Awstraliýanyň Bütindünýä Söwda Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili, ilçi Jorj Mina bar.


düýn 11:41
3.2k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
3.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 19:30
3.1k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......