The Weeknd dünýäde iň meşhur pop aýdymçy boldy

  • 25.01.2022 23:29
  • 5.4k+

Kanadaly aýdymçy The Weeknd Spotify akym platformasynda bir aýdaky diňleýjileriň sany boýunça lider boldy. Aýdym-saz serwisi degişli statistikany duşenbe güni neşir etdi diýip, TASS habar berýär.

The Weeknd-iň kompozisiýalaryny diňleýjileriň sany bir aýda 85,7 mln töweregi adama ýetdi. Ikinji orny 83,3 mln diňleýji bilen kanadaly aýdymçy Jastin Biber eýeledi. Şol bir wagtyň özünde, Biber serwisiň taryhynda Spotify-da bir aýyň dowamyndaky diňleýjileriň absolýut sany boýunça birinjiligi saklamagy dowam etdirýär – 94,6 mln. The Weeknd-iň üstünligine 2022-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda çykan täze Dawn FM albomynyň meşhurlygy ýardam etdi diýip, “Daily Mail” neşiri ýazýar.

The Weeknd lakamy bilen çykyş edýän Abel Makkonen Tesfaýe öň birnäçe gezek halkara aýdym-saz baýraklarynyň, şol sanda Grammy we MTV EMA baýraklarynyň eýesi boldy. Onuň aýdymlary Billboard Hot 100 sanawlaryna yzygiderli goşulýar. 

Spotify hyzmaty 2008-nji ýylda işe girizildi. Häzirki wagtda onuň 381 mln ulanyjysy, şol sanda dünýäniň 178 ýurdunda Spotify Premium-yň 172 mln abunaçysy bar. 


17.01.2023 13:34
15k+

ABŞ-nyň we Kanadanyň tankytçylary ýylyň iň gowy filmini saýladylar

«Hemme zat hemme ýerde we birbada» (Everything Everywhere All at Once, 2022) filmi ýekşenbe güni iň gowy film hökmünde “Tankytçylaryň saýlany” (Critics’ Choice Awards) baýragyna mynasyp boldy. Bu barada baýragyň...

12.05.2026 18:30
1.5k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.4k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....

05.05.2026 23:18
1.5k+

Armani/Casa Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlanan mebel kolleksiýasyny görkezdi

Armani/Casa studiýasy Milan dizaýn hepdeliginde täze mebel kolleksiýasyny görkezdi. Ekspozisiýa Origins diýip atlandyryldy we Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlandy....