Американские и канадские критики выбрали лучший фильм года

  • 17.01.2023 13:34
  • 15k+

«Hemme zat hemme ýerde we birbada» (Everything Everywhere All at Once, 2022) filmi ýekşenbe güni iň gowy film hökmünde “Tankytçylaryň saýlany” (Critics’ Choice Awards) baýragyna mynasyp boldy. Bu barada baýragyň guramaçylyk komiteti habar berýär.

Film parallel älemlerde zenanyň erbetlikler bilen göreşi barada gürrüň berýär. Filmde manysyz komediýanyň, ylmy fantastikanyň, gündogaryň başa-baş söweşiniň, fenteziniň we multfilmiň elementleri bar. Ol ABŞ-da režissýorlar Den Kwan we Deniel Şaýnert tarapyndan surata düşürildi. Olar filmdäki işleri üçin "Iň gowy režissýor" kategoriýasynda baýrak aldylar.
Brendan Freýzer “Läheň” (2022) filminde maşgalasy bilen birleşmäge synanyşýan aşa semizlikden kösenýän professoryň keşbinde iň oňat aktýor diýen baýraga mynasyp boldy. Aýal kategoriýada şuňa meňzeş baýrak "Tar" (Tar, 2022) filmindäki keşbi üçin Keýt Blanşete berildi. Amerikaly režissýor Todd Fildiň dramasy Berlin filarmoniýa orkestriniň dirižýory Lidiýa Tar hakda, hossarlygyndakylaryň biri öz janyna kast edensoň, onuň üstünlikli durmuşyna howp abanýar.
“Gowusy Sola jaň ediň” (Better Call Saul, 2015-2022) iň gowy drama serialy diýlip ykrar edildi. Onda baş keşbi ýerine ýetiren Bob Odenkerk “Drama serialynda iň gowy aktýor” kategoriýasynda baýraga mynasyp boldy. Zendeýa (“Eýforia”, Euphoria 2019-häzirki wagtda) ýetginjeklik döwrüni başdan geçirýän ýaş gyzyň keşbi üçin drama serialynda iň oňat aktrisa diýen baýraga mynasyp boldy. “Çykyp giden” (Dropout, 2022) iň oňat mini-serial baýragyny aldy, onda baş keşbi janlandyran Amanda Saýfred bolsa “Mini-serialda iň oňat aktrisa” kategoriýasynda ýeňiş gazandy. Şuňa meňzeş erkek baýragy  “Geň-taň El” (Weird: The Al Yankovic Story, 2022) mini-serialyndaky keşbi üçin Deniel Redkliffe berildi.
Iň oňat komediýa ýa-da mýuzikl kategoriýasynda ““Ebbott” başlangyç mekdebi” (Abbott Elementary, 2021-häzirki wagtda) iň oňat komediýa serialy abraýly baýraga mynasyp boldy. Jin Smart bolsa “Mekirliklerde” (Hacks, 2021-häzirki wagtda) filmindäki keşbi üçin komediýa serialynda iň gowy aktrisa boldy. "Aýy" (The Bear, 2022 – häzirki wagtda) filmindäki işi üçin Jeremi Allen Uaýt iň gowy aktýor adyna mynasyp boldy.
S.S. Rajamuliniň "RRR: Golaýda rewolýusiýa gygyrýar" (RRR, 2022) hindi filmi  daşary ýurt dilindäki iň gowy film hökmünde ykrar edildi. “Gilýermo del Toronyň Pinokkiosy” (Guillermo del Toro's Pinocchio, 2022) iň gowy animasiýa filmi hökmünde “Tankytçylaryň saýlany”  baýragyna mynasyp boldy. Karýerasynda gazanan üstünlikleri üçin diýen hormatly baýraga aktýor Jeff Brijes mynasyp boldy. Iň meşhur "Telbi ýürek" (Crazy Heart, 1997) filminde oýnan baş keşbi üçin  Oskar baýragyny aldy.
“Tankytçylaryň saýlany” baýragy ABŞ-yň we Kanadanyň telewideniýesinde, radiosynda we onlaýn neşirlerinde işleýän Film tankytçylarynyň assosiasiýasy tarapyndan gowşurylýar. Bu hünärmenler birleşigi 250-den gowrak adamdan ybarat. Ol Demirgazyk Amerikada şu ugurdan iň uly gurama hasaplanýar.
Baýrak bilen sylaglanyşyň netijeleri “Oskar” film baýragyna mynasyplary kesgitlemek üçin esasy görkeziji bolýar.


18.04.2025 00:50
9.2k+

Повар из Нью-Йорка стал моделью и дебютировал на неделе моды в Париже

Повар из Нью-Йорка Кристиано Венманн, работавший в пиццерии Scarr's, стал востребованной моделью и участником недели моды в Париже. Историю его взлета рассказывает New York Post. Помощник дизайнера Вилли Чаваррии заметил Венманна случайно и предложил ему сняться в рекламе своей коллекции...

05.04.2024 15:06
11k+

Dolce & Gabbana представила проект 90-этажного небоскреба в Майами

Итальянский модный дом Dolce & Gabbana анонсировал свой первый проект в сфере недвижимости – 320-метровый жилой небоскреб в Майами. Дизайн башни разработан в сотрудничестве с нью-йоркской архитектурной студией...

26.02.2024 14:38
14k+

"Оппенгеймер" продолжает собирать награды

Фильм Кристофера Нолана "Оппенгеймер" стал лидером по количеству наград на церемонии вручения премии Гильдии киноактеров США, пишет Газета.Ru со ссылкой на сайт премии. Исполнитель главной роли Киллиан Мерфи получил...

17.01.2024 11:39
15k+

Победительницей конкурса «Мисс Америка — 2024» стала офицер ВВС США

22-летний младший лейтенант ВВС США Мэдисон Марш выиграла конкурс «Мисс Америка 2024». Конкурс проходил в Орландо, штат Флорида, сообщает Mail.ru со ссылкой на телеканал CNN. Представительница штата Колорадо Мэдисон...