Italiýanyň Dolce & Gabbana brendi Maýamide gurulmagy meýilleşdirilýän ilkinji ýaşaýyş diňiniň taslamasyny hödürledi. Binanyň dizaýny Nýu-Ýorkyň Studio Sofield binagärlik studiýasy bilen hyzmatdaşlykda taýýarlandy, taslamanyň deweloperi hökmünde JDS Development Group kompaniýasy çykyş edýär. Bu barada Dezeen internet neşirine salgylanyp, RBK habar berýär.
Binanyň beýikligi 320 metr bolup, onda 90 gat göz öňünde tutulýar. Başy gökdirän bina 259 rezidensiýany, barlary, çäreleri geçirmek üçin giňişlikleri, şeýle-de fitnes merkezini we basseýnli spa zolagyny öz içine alar. Ýokarky gatda şähere panorama görnüşi bilen restoran ýerleşer.
Binanyň öň tarapy adaty modernistik diňleriň stilinde ýerine ýetiriler. Daşky bezeg üçin pil süňküniň reňkindäki trawertin we altyn tegmilli ýalpyldysyz gara polat pürsleri ulanylar. Onuň interýeri mahmal, gara mermer we ýylmanan nikel bilen bezeler diýlip, materialda bellenilýär.