ABŞ-nyň Harby-howa güýçleriniň serkerdesi «Miss Amerika 2024» bäsleşiginde ýeňiji boldy

  • 17.01.2024 11:39
  • 15k+

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Harby-howa güýçleriniň 22 ýaşly kiçi leýtenanty Medison Marş Florida ştatynyň Orlando şäherinde geçirilen «Miss Amerika 2024» bäsleşiginde ýeňiji boldy diýip, CNN teleýaýlymy habar berýär.

Kolorado ştatynyň wekili Medison Marşyň ABŞ-nyň Harby-howa güýçleriniň taryhda «Amerika gözeli» adyna eýe bolan ilkinji serkerde bolandygy bellenilýär.
Bellenilmegine görä, bäsleşige ABŞ-nyň her ştatyndan we Kolumbiýa okrugyndan bir wekil – jemi 51 zenan gatnaşdy.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna 11 zenan çykdy. Olar ýaryşyň dört tapgyrynda özara bäsleşdiler – straz bezeg daşlary bilen bezelen «atleisure» stilindäki (sport we gündelik lybaslaryň aýratynlyklarynyň birleşdirilmegi) köýneklerde ýörediler, möhüm meseleler barada pikirlerini aýtdylar, ukyp-başarnyklary boýunça bäsleşdiler we agşamlyk dabara lybasynda çykdylar.
Ukyp-başarnyklar boýunça bäsleşikde Marş 16 ýaşynda uçarman ygtyýarnamasyny alşy barada gürrüň berdi.


06.05.2026 18:18
4.5k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....

18.04.2025 00:50
9.3k+

Nýu-Ýorkly aşpez model bolup, Pariždäki moda hepdeliginde çykyş etdi

Nýu-Ýorkdan Scarr’s pizzeriýasynda işleýän aşpez Kristiano Wenmann garaşylmadyk ýagdaýda isleg bildirilýän model we Pariždäki moda hepdeliginiň gatnaşyjysy boldy. Onuň üstünliginiň wakasyny New York Post gürrüň berýär...

05.04.2024 15:06
11k+

Dolce & Gabbana binagärlik işine gatnaşýar: brend Maýamide 320 metrlik diňiň taslamasyny hödürledi

Italiýanyň Dolce & Gabbana brendi Maýamide gurulmagy meýilleşdirilýän ilkinji ýaşaýyş diňiniň taslamasyny hödürledi. Binanyň dizaýny Nýu-Ýorkyň Studio Sofield binagärlik studiýasy bilen hyzmatdaşlykda taýýarlandy...

26.02.2024 14:38
14k+

ABŞ-nyň Kinoaktýorlar gildiýasy: “Oppengeýmeriň” hasabyna ýene bir baýrak goşuldy

Kristofer Nolanyň “Oppengeýmer” filmi ABŞ-nyň Kinoaktýorlar gildiýasynyň baýragyna mynasyp boldy. Bu barada baýragyň saýtyna salgylanyp, gazeta.ru habar berýär. Filmde amerikaly fizik Robert Oppengeýmeriň keşbini...