Nýu-Ýorkdan Scarr’s pizzeriýasynda işleýän aşpez Kristiano Wenmann garaşylmadyk ýagdaýda isleg bildirilýän model we Pariždäki moda hepdeliginiň gatnaşyjysy boldy. Onuň üstünliginiň wakasyny New York Post gürrüň berýär.
Dizaýner Willi Çawarriýanyň kömekçisi özboluşly keşbi bolan Wenmanny tötänleýin görüp, oňa dizaýneriň kolleksiýasynyň mahabatyna gatnaşmagy teklip edýär. Fotosessiýa şeýle bir üstünlikli geçýär welin, Kristianony Pariže gitmäge çagyrýarlar.
“Men şol sessiýada wagtym olar “Biz seni näme üçin öň görmändigimizi bilemzok, ýöne sen Pariže gelmeli” diýdi. Men “Bolýar, men Fransiýa uçuşy bron edeýin” diýdim” diýip, Wenmann gürrüň berdi.
Çawarriýanyň topary ony model hökmünde ösdürmek bilen meşgullandy. Kristianonyň aýtmagyna görä, ol münbere çykmazdan ozal tolgundy, ýöne moda işgärleri tarapyndan goldawa eýe boldy.
“Men aslynda muňa uly alada bilen başladym, ýöne Willi we onuň topary meni öz ganatynyň aşagyna aldy” – diýip, model gürrüň berdi.
Ilkinji çykyşy bilen täsir galdyrandan soň, Wenmann beýleki agentliklerden we dizaýnerlerden hem teklip aldy. Ol Sami Miro Vintage brendiniň esaslandyryjysy bilen işleşmäge we Hero hem Dazed žurnallarynda peýda bolmaga ýetişdi.
Üstünlige garamazdan, Kristiano pizzeriýadan heniz gitmek islemeýär.
“Men bu zatlar bolmazdan öň nähili bolan bolsam, şolar ýaly adam. Meniň üçin bar bolan zatlara wepaly bolmak örän wajyp. Men aslymyň niredendigimi ýatdan çykarasym gelenok” – diýip, ol interwýuda aýtdy.