Hytaýda COVID-19-yň täze ýaýrap başlamagynyň sebäbi anyklanyldy

  • 24.01.2022 18:53
  • 29k+

Hytaýyň häkimiýetleri koronawirusyň dürli ştammlary tarapyndan ýüze çykýan keselçilik ýaýrawynyň mümkin bolan çeşmesini anykladylar. Günorta Hytaýda Guandun welaýatynyň administratiw merkezi Guançžowyň Arassaçylyk we saglygy goraýyş boýunça Komitetiniň beýanyna laýyklykda, keselçilik ýaýrawynyň çeşmesi poçta ibermeleri bolup durýar. Bu barada TASS habar berýär.

Ýurduň häkimiýeti raýatlary COVID-19 keselçiliginiň howpy ýokary bolan ýurtlardan we sebitlerden, şeýle hem Hytaýyň özündäki keselçiligiň ýaýran ýerlerinden poçta ibermelerini almazlyga çagyrdy.
Ýurduň ilatyna poçta ibermelerine seresap çemeleşmeklik, olaryň örtügini ýyrtmazlyk we agyz-burun örtüginden peýdalanmaklyk maslahat berildi.
25-nji ýanwardan başlap, ýurtda paýtagt şähere we onuň golaýyndaky Çžanszýakou şäherine poçta ibermeleriniň barlagy güýçlendiriler. Bu ýerlerde ýakynda Gyşky Olimpiada geçiriler. Çäklendirmeler Pekinde 13-nji martda Paralimpiada tamamlanýança hereket eder.
Howpsuzlyk barlagyndan geçendigi barada ýörite belligi bolmadyk poçta ibermeleriniň ählisi ugradyjylara yzyna iberiler.
19-njy ýanwarda ýurtda koronawirus ýokanjy bilen keselleme ýagdaýy gaýtadan ýüze çykdy: bir günde 100-den gowrak keselleme ýagdaýy hasaba alyndy.


04.12.2025 16:16
6.9k+

Türkmenistanda pandemiýalara taýýarlyk boýunça tejribe okuwlary geçirildi

1-3-nji dekabr aralygynda Aşgabatda Pandemiýalaryň öňüni almak, oňa taýýarlyk, jogap bermek we soňky dikeldiş boýunça Türkmenistanyň Hereketleriň Milli meýilnamasynyň (HMM) taslamasyny jemlemäge gönükdirilen PanPRET atly okuw maslahatlary geçirildi...

16.11.2025 16:17
4.1k+

Hytaýly alymlar üzüm däneleriniň esasynda garramaga garşy dermanyň döredilendigini habar berdiler

Hytaýdaky Lonvi Biosciences barlaghanasynyň barlagçylary "adamyň ömrüni 100 ýaş edip, hatda ondanam uzaldyp biljek" dermanyň döredilendigini mälim etdiler diýip, The New York Times habar berýär. Şençžen şäherinde ýerleşýän barlaghana üzüm dänesiniň ekstraktynda bar bolan prosianidin C1 (PCC1) birleşmesine esaslanýan garrylyga garşy gerdejikleri işläp taýýarlady...

10.11.2025 11:14
7.3k+

Hytaýly lukmanlar ilkinji gezek robotyň we 5G ulgamynyñ kömegi bilen uzak aralykdan operasiýa geçirdiler

Hytaýyň Guançžou şäherindäki Sun Ýatsen uniwersitetiniň oftalmologlary (göz lukmanlary) dünýäde ilkinji gezek 4200 kilometre golaý aradaşlykdan robot we 5G aragatnaşyk ulgamy arkaly subretinal sanjym operasiýasyny geçirdiler...

28.08.2025 06:44
8.4k+

Hytaýda ilkinji gezek adama doňzuň öýkeni oturdyldy

Hytaýda alymlar topary ilkinji gezek genetiki taýdan üýtgedilen doňuzdan alnan öýkeni ölüm halyndaky hassa oturtdy. Organ şol bada bitişmezlik ýagdaýyny görkezmedi. Bu hem ylmy gözlegçileriň pikiriçe, haýwan organlaryny ksenotransplantasiýa üçin ulanyp boljakdygyny tassyklaýar diýip, Nature Medicine habar berýär...