Saud Arabystanynda pandemiýa barada galp maglumatlaryň ýaýradylmagyna uly möçberde jerime girizildi

  • 21.01.2022 15:14
  • 20k+

Saud Arabystanynda koronawirus pandemiýasy barada ýalan maglumatlaryň ýaýradylandygy üçin 266,5 müň dollara çenli möçberde pul jerimesi salnar we bäş ýyla çenli möhlet bilen azatlykdan mahrum ediler. Bu barada patyşalygyň IIM habar berdi. Muny TASS-a salgylanyp, Day.Az ýetirýär.

“Kimde-kim sosial ulgamlar arkaly koronawirus pandemiýasy bilen bagly ýalan maglumatlary ýaýratsa, ýa-da şeýle maglumatlary beýlekilere iberse, şeýle-de howsala döredip biljek galp maglumatlary neşir etse ýa-da patyşalygyň ýaşaýjylaryny degişli sanitariýa çärelerini bozmaga çagyrsa ýa-ha 100 müňden 1 mln riala çenli möçberde (26,6 müň dollardan 266,5 müň dollara çenli) jerime görnüşinde, ýa-da bir ýyldan bäş ýyla çenli möhlet bilen azatlykdan mahrum etmek görnüşinde, ýa-da bir wagtyň özünde bu iki jeza çäresi görnüşinde jezalandyrylar” – diýlip, edaranyň Twitter sahypasynda ýerleşdirilen beýannamada aýdylýar. Onda gaýtadan düzgün bozulan halatynda jezanyň iki esse artdyryljakdygy bellenilýär.

Soňky maglumatlar boýunça, ilatynyň sany 34,2 mln bolan Saud Arabystanynda pandemiýa başlany bäri 638 327 kesel hadysasy hasaba alyndy, 584 050 adam sagaldy, 8 914 adam keseliň netijesinde ýogaldy. Patyşalygyň ilaty koronawirusa garşy 54 596 890 derman dozasyny aldy.


24.01.2026 09:22
1.8k+

Türkmenistan we Saud Arabystany atçylyk sporty ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy

22-nji ýanwarda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Saud Atçylyk Federasiýasynyň Ýerine ýetiriji başlygy Fuad bin Fahad Ibrahim bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşykda Fuad bin Fahad Ibrahim Federasiýanyň işi we atçylyk sporty boýunça geçirilýän milli we halkara çäreleri barada giňişleýin maglumat berdi...

13.01.2026 12:26
3.8k+

BMG: Global JIÖ geljek iki ýylda pandemiýadan öňki görkezijä gaýdyp gelmez

Birleşen Milletler Guramasynyň hasabatyna görä, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşi 2025-nji ýyldaky 2,8%-den soň 2026-njy ýylda 2,7%-e çenli haýallar. Çaklamalara görä, 2027-nji ýylda ösüş 2,9% bolar, bu bolsa 2010 – 2019-njy ýyllar aralygyndaky ortaça 3,2% görkezijiden pesdir...

17.12.2025 12:24
1.6k+

Türkmenistan BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň 11-nji Ählumumy forumyna gatnaşdy

14-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilýän Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň (UNAOC) 11-nji Ählumumy forumyna gatnaşdy...

29.11.2025 22:03
3.2k+

Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Er-Riýadda UNIDO-nyň konferensiýasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Toýguly Nurowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat Ösüşi Guramasynyň (ÝUNIDO) 21-nji Baş konferensiýasynyň işine gatnaşdy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu sammit 23–27-nji noýabr aralygynda Er-Riýadda (Saud Arabystany) geçdi...