Berdimuhamedow Daşoguzda «Işewür topar» hojalyk jemgyýetiniň guşçulyk toplumyna baryp gördi

  • 21.01.2022 08:32
  • 15k+

20-nji ýanwarda Daşoguz welaýatynda iş saparynda bolan türkmen Lideri Görogly etrabynyň çäginde ýerleşýän “Işewür topar” hojalyk jemgyýetiniň guşçulyk toplumyna baryp gördi we bu ýerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, bu ýerde öndürilýän önümler we olaryň görnüşleri bilen gyzyklandy.

Bu ýerde “Işewür topar” hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Ö.Sopyýew alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge mynasyp goşant goşmak ugrunda hojalyk jemgyýetiniň agzybir toparynyň sazlaşykly işi barada gürrüň berdi. Bellenilişi ýaly, bu hojalykda bir ýylda 300 tonna guş eti öndürilýär. Ö.Sopyýew bu ýerde saklanýan bedeneler barada ilkinji gezek türkmen Liderine habar berdi.

Döwlet Baştutany bu ýerde jüýjeleriň saklanyş usullary, olaryň näçe wagtda ýetişýändikleri hem-de guşlaryň ot-iýminiň taýýarlanylyşy bilen gyzyklandy. Telekeçi guşçulyk toplumynda ýylyň dowamynda alty tapgyrda 210 müň jüýjäniň çykarylýandygyny, bir tapgyrda 35 müň jüýje goýberilip, olaryň 45 günde ýetişýändiklerini habar berdi. Hind towugynyň mäkiýany 120 günde, horazy bolsa 150 günde ýetişýär. Şonda mäkiýanyň agramy 8 — 10 kilograma, horazyň agramy bolsa 14 kilograma ýetýär.

Hojalyk jemgyýetine ot-iým ösdürip ýetişdirmek üçin 50 gektar ýer bölünip berlipdir. Şonuň 20 gektarynda mekgejöwen, 15 gektarynda jöwen, 5 gektarynda arpa, 10 gektarynda bolsa ýorunja ösdürip ýetişdirýärler.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......