Amazon 2022-nji ýylda ilkinji bölek egin-eşik dükanyny açar

  • 20.01.2022 23:32
  • 3.2k+

Amazon amerikan korporasiýasy şu ýyl ownuk egin-eşik söwdasy üçin ilkinji Amazon Style dükanyny açar, ol Kaliforniýa ştatynyň Los-Anjeles şäherinde ýerleşer. Bu barada kompaniýanyň saýtynda ýerleşdirilen metbugat relizinde aýdylýar diýip, TASS habar berýär.

“Biz ilkinji ownuk moda egin-eşik söwda dükanymyz bolan Amazon Style-i hödürlemäge şat. Bu dükanda müşderiler aýal-gyzlaryň we erkekleriň egin-eşikleriniň, aýakgaplarynyň we aksessuarlarynyň dürli görnüşlerini tapyp bilerler” – diýlip, beýanatda görkezilýär.

Amazon Shopping ýöriteleşdirilen programmasynda QR kody boýunça alyjylar üçin ol ýa-da beýleki bir harydyň ölçegleri, reňkleri, şeýle-de alyjylaryň berýän bahalary barada maglumatlar elýeterli bolar diýip, kompaniýada habar berdiler. Has şahsylaşdyrylan çemeleşme üçin anyk maslahatlary alar ýaly programmanyň bölümleriniň birinde öz stiliň we islegleriň baradaky maglumatlar bilen paýlaşmak bolar. Alyjylar egin-eşik geýlip görülýän otagda sensor ekrany ulanyp, halan harytlaryny saýlap bilerler, dükanyň işgärleri bolsa olary geýip görmek üçin eltip bererler.

Amazon elektron söwdasyna, emeli intellekte we multimedia ýöriteleşýän amerikan transmilli kompaniýasydyr.


02.06.2026 12:03
12k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

29.05.2026 00:36
2.3k+

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....

30.04.2026 07:20
2.3k+

Hytaý Manus startapynyň 2 milliard dollara Meta kompaniýasyna satylmagyny bökdedi

Hytaý häkimiýetleri amerikan kompaniýasy Meta Platforms-yň Hytaýyň emeli aň startapy bolan Manus-y 2 milliard dollara satyn almak baradaky şertnamasyny ýatyrdy. Bu karar milli howpsuzlyk we tehnologiýalaryň......

30.03.2026 09:59
11k+

Milliarderleriň iň köp doglan şäheri yglan edildi

Nýu-Ýork şäheri bu gezek hem dünýäde milliarderiň iň köp doglan ýeri hökmünde sanawyň başyny çekdi diýip, 2026-njy ýyl üçin dünýäniň iň baý 1680 adamynyň maglumatlaryna esaslanýan Visual Capitalist neşiri......