BMG 2022-nji ýylda dünýäde 207 mln işsiziň boljakdygyny çaklaýar

  • 19.01.2022 13:07
  • 9.9k+

Halkara zähmet guramasy (HZG, BMG-niň ýöriteleşdirilen edarasy) 2022-nji ýylda dünýäde işsizleriň sanynyň 207 milliona barabar boljakdygyny çaklaýar, bu 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende 21 mln köpdür. Bu barada guramanyň Ženewada neşir edilen hasabatynda aýdylýar diýip, TASS habar berýär.

“Global işsizlik, iň azyndan 2023-nji ýyla çenli COVID-19 pandemiýasyndan öňki görkezijilerden ýokary derejede saklanar. 2022-nji ýylda onuň derejesi, hasaplamalara görä, 207 million bolar, 2019-njy ýylda bu 186 milliondy” – diýip, dokladyň awtorlary bellediler.

HZG-niň 2022-nji ýylda zähmet bazarynyň dikelişi bilen bagly çaklamany peseldendigi nygtalýar.

“HZG iň soňky ykdysady ösüş çaklamalaryna esaslanyp, 2022-nji ýylda işlenjek umumy sagat sanynyň pandemiýadan öňki derejeden tas 2% pes bolmagyna garaşýar” – diýlip, dokladda aýdylýar. Iýun aýynda HZG 2022-nji ýylda bu görkezijiniň  azyndan 1%-e çenli peseljekdigini çaklapdy.

Hünärmenleriň aýtmagyna görä, pandemiýa sebäpli ýüze çykan çökgünlik dürli “işçiler toparlaryna we ýurtlara” birmeňzeş täsirini ýetirmedi, bu hem ýurtlaryň içindäki we olaryň arasyndaky deňsizligi güýçlendirýär we ähli döwletleriň diýen ýaly ykdysady, maliýe we sosial binýadyny gowşadýar.

Çökgünlik erkekleriňkä garanyňda, aýallaryň işine has güýçli täsir etdi we onuň netijeleri ýakyn ýyllarda duýular diýip, HZG belleýär. Öz gezeginde, bilim we hünär taýýarlygy edaralarynyň ýapylmagy ýaşlar üçin uzak möhletleýin täsirini ýetirer.

“Iki ýyl çökgünlikden soň çaklama gowşak, dikeldişe tarap ýol bolsa haýal we durnuksyz bolup galýar” – diýip, HZG-niň baş müdiri Gaý Raýder belledi. Onuň aýtmagyna görä, zähmet bazaryndaky ýagdaýy gowulaşdyrmazdan, dünýä ykdysadyýetiniň hakyky dikelişi bolup bilmez.


şu gün 18:04
1.1k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

22.05.2026 14:19
2k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....

27.04.2026 02:06
4.3k+

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy

20-nji aprelde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) ýanyndaky täze bellenen hemişelik wekili Wepa Hajyýew guramanyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy. Bu barada......

24.04.2026 16:06
1.6k+

Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen geljekki hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

23-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Bu barada daşary syýasat......