Halkara futbol federasiýasy Lewandowskini ýylyň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi

  • 18.01.2022 12:27
  • 4.8k+

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) Germaniýanyň «Bawariýa» toparynyň polşaly hüjümçisi Robert Lewandowskini 2021-nji ýylyň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Baýrak gowşurylyş dabarasy guramanyň Sýurihdäki ştab-kwartirasynda bolup, onlaýn görnüşde geçirildi. Bu barada TASS habar berýär.

Bu baýraga «Pari Sen-Žermeniň» argentinaly hüjümçisi Lionel Messi we Angliýanyň «Liwerpul» toparynyň müsürli hüjümçisi Mohammed Salah hem dalaş etdi. Lewandowski bu baýragy ikinji gezek aldy. Öň, Messi «Altyn top» üçin ses berişlikde polşaly hüjümçiden öňe geçipdi.
FIFA görä ýylyň iň gowy oýunçysy üçin baýragyň eýesi žurnalistleriň, baş tälimçileriň, erkekleriň we zenanlaryň milli ýygyndylarynyň kapitanlarynyň halkara birleşiginiň ses bermegi arkaly kesgitlenýär.
Lewandowski 33 ýaşynda, şu möwsümde hüjümçi «Bawariýa» üçin 27 oýunda 34 gol geçirdi. 2021-nji ýylda Lewandowski 41 gol geçirip, bir möwsümdäki gollarynyň sany boýunça Gerd Mýullere degişli bolan Germaniýanyň çempionatynyň rekordyny täzeledi. Onuň geçiren gollary «Bawariýanyň» öňki hüjümçisiniňkiden bir gol köp boldy. 2020/21-möwsüminiň jemi boýunça Lewandowski milli ýewropa ligalarynyň iň gowy bombardiri bolup, «Altyn  butsyny» aldy, Germaniýanyň çempionatyny we Super kubogyny utdy. Ol Polşanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Ýewropa çempionatyna gatnaşdy, ýöne topar toparçadan çykyp bilmedi.


düýn 13:51
7.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......