Mendi FIFA tarapyndan 2021-nji ýylyň iň gowy derwezebany diýlip ykrar edildi

  • 18.01.2022 12:39
  • 5.6k+

Angliýanyň «Çelsi» toparynyň we Senegalyň milli ýygyndysynyň oýunçysy Eduar Mendi Halkara futbol federasiýasy (FIFA) tarapyndan 2021-nji ýylyň iň gowy derwezebany diýlip bellenildi. Bu barada TASS habar berýär.

Mendi 29 ýaşynda, ol geçen möwsümde Angliýanyň çempionatynda «Çelsi» üçin 31 oýna gatnaşyp, 25 pökgini goýberdi. Çempionlar ligasynda 12 oýna gatnaşyp, üç goly goýberdi. «Çelsi» finalda «Mançester Sitini» 1:0 hasabynda utup, ýaryşyň ýeňijisi boldy.
Baýrak janköýerleriň hem-de milli toparlaryň häzirki tälimçilerinden we kapitanlaryndan, şeýle-de her ýurtdan gelen žurnalistlerden ybarat halkara emin agzalarynyň ses bermeginiň netijesine esaslanyp berildi. Bu baýraga «Pari Sen-Žermeniň» we Italiýanyň milli ýygyndysynyň derwezebany Janluiji Donnarumma hem-de Mýunheniň «Bawariýasynyň» we Germaniýanyň milli ýygyndysynyň derwezebany Manuel Noýer hem dalaş etdi.
Zenanlaryň arasynda FIFA görä ýylyň iň gowy derwezebany Çiliniň milli ýygyndysynyň we Fransiýanyň «Lion» toparynyň futbolçysy Kristiana Endler boldy.


düýn 13:51
7.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......