Türkmen biržasy: geçen hepdede bahasy 104 milliondan gowrak 54 geleşik baglaşyldy

  • 17.01.2022 14:44
  • 5.4k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt çigmal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-si hasaba alyndy. Olaryň bahasy ABŞ-nyň 104 million 248 müň dollaryndan gowrak boldy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şweýsariýanyň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Maltanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen az kükürtli ýangyç mazudyny, awtoulag benzinini, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny we yşyklandyryş kerosinini, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar.
Russiýanyň, BAE-niň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmengaz” döwlet konserniniň düzümlerinde öndürilen tehniki kükürdi satyn aldylar.
Şeýle-de, Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň telekeçilerine daşary ýurt puluna demriň ýüzüni posdan we ýagdan arassalamak üçin niýetlenen serişde hemde float list aýnasy ýerlenildi. 
Içerki bazar üçin ýurdumyzyň işewürleri Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gurluşyk nebit bitumuny, el halylaryny we plastik poddonlary satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy 26 million 707 müň manatlykdan gowrak boldy.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......