TSMC bazar bahasy 1 trln dollardan geçen Aziýadan ilkinji kompaniýa boldy

  • 23.07.2025 15:05
  • 4.8k+

Dünýäde ýarymgeçirijileri öndüriji iň uly kompaniýalaryň biri bolan Taiwan Semiconductor Manufacturing Company-nyň (TSMC) bazar bahasy Taýwanyň fond biržasynda ilkinji gezek 1 trln dollardan geçdi.

18-nji iýulda geçen söwdanyň jemi boýunça kompaniýanyň bazar bahasy 29,82 trln Taýwan dollaryna (takmynan, $1,013 trln), paýnamalaryň bahasy bolsa 1150 Taýwan dollaryna (takmynan, $39,1) ýetdi.
TSMC-niň üç aýda tas 50% ýokarlanan paýnamalarynyň ösüşi maýadarlaryň emeli aňyň ösýän we Nvidia hem Apple ýaly müşderilerden islegiň ýokarlanýan döwründe kompaniýanyň öz ornuny berkitjekdigine ynam bildirmegi bilen baglanyşyklydyr.
TSMC 1 trln dollardan durnukly geçen Aziýadan ilkinji kompaniýa boldy. Ozal PetroChina 2007-nji ýylda gysga wagtlyk bu derejä ýetipdi.
2025-nji ýylyň ikinji çärýeginde TSMC-niň girdejisi 39% ýokarlanyp, takmynan, 31,7 mlrd dollara ýetdi, arassa girdeji bolsa 61% ýokarlanyp, takmynan, 13,5 mlrd dollar boldy. Bu analitikleriň çaklamasyndan ýokarydyr. Kompaniýa ýyllyk girdejisiniň ösüş çaklamasyny 30%-e çenli ýokarlandyrdy.
Tehnologiýa ägirtlerini çip bilen üpjün edýän TSMC EA-a bolan gyzyklanmanyň artýan bazarynda öz ornuny güýçlendirýär. Kompaniýanyň üstünligi global tehnologiki ösüşde ýarymgeçirijileriň ähmiýetiniň ýokarydygyny görkezýär. 

düýn 17:02
1.8k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
4.9k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......

23.06.2026 08:37
7k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......

22.06.2026 08:33
3.8k+

Farrell Uilýams we adidas magnit bagjykly täze krossowka modelini çykardy

Farrell Uilýams we adidas Originals täze «Virginia Vario Flat Earther» krossowka modelini tanyşdyrdy. Bu önüm sazandanyň «Virginia» atly döredijilik platformasynyň bir bölegi boldy diýip, «Hypebae» neşiri......