Türkmenistanda ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň Maksatnamasy kabul edildi

  • 15.01.2022 10:28
  • 7.4k+

Hökümetiň 14-nji ýanwardaky mejlisinde türkmen Lideri «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi. Onda ýurdumyzda ulaglaryň ähli görnüşleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna, ulag ulgamynyň häzirki zaman düzümleriniň döredilmegine gönükdirilen strategik ähmiýetli möhüm çäreler göz öňünde tutulýar.

Maksatnamada ýurdumyzyň ulag ulgamynyň we halkara ulag hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadyny ösdürmek, dünýäniň we sebitiň ulag-logistika ulgamlarynyň talaplaryny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň ýol-ulag Kodeksini taýýarlamak, ulag babatda halkara guramalar, şol sanda BMG hem-de onuň sebitleýin komissiýalary, Halkara ekspeditorçylyk assosiasiýalarynyň federasiýasy, Halkara howa ulaglary assosiasiýasy, Raýat awiasiýasynyň halkara guramasy, Awtomobil ulaglarynyň halkara bileleşigi, Demir ýollaryň hyzmatdaşlyk guramasy, Halkara deňiz guramasy we beýleki halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy netijeli dowam etdirmek bellenilýär.

Şeýle hem Türkmenistanyň “Ýewropa — Kawkaz — Aziýa” (TRACEKA) halkara ulag geçelgesi Hökümetara komissiýa goşulmak boýunça işleri geçirmek hem-de multimodal gatnawlary — Ählumumy Üstaşyr Resminamany ösdürmekde köpugurly sanly çözgüdi ulanmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek wezipeleri kesgitlenildi. Bular barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşid Meredowyň hasabatynda aýdyldy.


düýn 16:07
2.2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.7k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

16.05.2026 09:58
8.4k+

Hytaýda dünýäniň iň uly demir ýol menzili açyldy

Hytaýyň Çunsin şäherinde meýdany boýunça dünýäde iň uly hasaplanýan Gündogar demir ýol menziliniň gurluşygy tamamlandy. Umumy meýdany 1,22 million kwadrat metr bolan bu ägirt uly toplum Hytaýyň ýokary tizlikli......