Türkmenistanda kazylar düzüminiň wezipelerine üýtgeşmeler girizildi

  • 13.01.2022 08:37
  • 19k+

12-nji ýanwarda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde türkmen Lideri “Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda” Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda,

  • Ýusup Nurmämmedowiç Begjanow Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenilip, ol Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy;
  • Daýanç Arazbaýewiç Saparow Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenildi we oňa bäşinji hünär derejesi berildi;
  • Begenç Annaýewiç Mämmedow Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenildi we oňa bäşinji hünär derejesi berildi;
  • Parahat Sylapberdiýewiç Çaryýew, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşadyldy;
  • Ogulsapar Amangeldiýewna Nurýagdyýewa, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Ahal welaýat kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy;
  • Merdan Jumamyradowiç Hangeldiýew, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Balkan welaýat kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy;
  • Azat Hudaýberdiýewiç Kurbandurdyýew, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy;
  • Röwşen Sapargeldiýewiç Tyrrykow, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy;
  • Meýlis Amangeldiýewiç Ýomutbaýew, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy;
  • Ýalkapberdi Muhammetnazarowiç Baýjaýew, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Mary welaýatynyň Ýolöten etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşadyldy.

düýn 17:31
936

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....