Türkmenistanyň Goranmak ministrligindäki kemçilikleri düzetmek üçin anyk tabşyryklar berildi

  • 12.01.2022 22:34
  • 24k+

«Geçen 2021-nji ýylda harby we hukuk goraýjy edaralarda meýilnamalaýyn esasda işler alnyp baryldy, emma muňa garamazdan, geçen ýylda bu edaralaryň işlerinde birnäçe kemçiliklere ýol berildi. Olar barada Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlislerinde degişli ýolbaşçylara bellikler edildi we olary gysga wagtyň içinde düzetmek barada anyk tabşyryklar berildi. Kemçiliklere ýol beren adamlara bolsa kanun esasynda çäreler görüldi» diýip, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde türkmen Lideri anyk mysallara ýüzlendi.

Mysal üçin, geçen ýylda Goranmak ministrliginde näsazlyk sebäpli harby awtoulag ýol-ulag hadysasyna sezewar bolup, harby gullukçylaryň birnäçesiniň aradan çykmagyna we hassahana düşmegine ýol berildi.

«Şular ýaly gödek düzgün bozulmalar näme sebäpden ýüze çykýar, elbetde, serkerdäniň jogapkärçilik duýgusynyň pesdiginden ýa-da gulluk borjuna çynlakaý garamaýandygy sebäpli ýüze çykýar. Şoňa görä-de, birinjiden, harby-düzgün nyzamy has-da berkidip, ministrligiň ähli ýolbaşçylarynyň we serkerdeleriniň harby gulluga jogapkärçiligini ýokarlandyrmaly, ikinjiden, harby bölümleriň ähli tehnikalarynyň abatlyk ýagdaýyna seljerme geçirmeli, näsaz harby tehnikalary abatlamaly we hemişe söweşjeň, gurat ýagdaýda saklamaly, üçünjiden, harby tehnikalary, ok-ýaraglary saklanýan angarlary we ammarlary hemişe bildirilýän talaplara laýyklykda abat ýagdaýda saklamaly we ulanmaly, şeýle-de olaryň goragyny ýokary derejede alyp barmaly, harby bölümlerde düzgün-nyzamy pugta berjaý edip, düzgün bozulmalaryň öňüni almak, esasan-da, adamyň jan saglygy bilen bagly düzgün bozulmalara ýol bermezlik üçin ähli zerur çäreleri görmeli» diýip, döwlet Baştutany goranmak ministri B.Gündogdyýewe anyk tabşyryklary berdi. 


düýn 17:31
961

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....