Awstraliýa 2021-nji ýylda dünýäde suwuklandyrylan tebigy gazy iň iri eksport ediji boldy

  • 12.01.2022 11:48
  • 5.5k+

Bazary öwrenýän Kpler kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, Awstraliýa 2021-nji ýylda Katardan öňe geçip dünýäniň iň uly suwuklandyrylan tebigy gazy (STG) eksport edijisi boldy. Geçen ýyl Awstraliýanyň suwuklandyrylan tebigy gazynyň eksport möçberi 2020-nji ýyldaky 77,63 mln tonna garşy 80,23 mln tonna boldy. Bu barada interfax.ru habar berýär.

Katar geçen ýyldaky 77,88 mln tonna bilen deňeşdirilende, 77,83 mln tonna eksport edip, ikinji orny eýeledi. ABŞ bassyr üçünji ýylyň jemi boýunça üçünji orunda ýerleşdi. 2019-njy ýylda Birleşen Ştatlar Malaýziýadan öňe geçdi. 2021-nji ýylda amerikan STG-niň eksport möçberi iki esse ýokarlanyp, ondan öňki ýyldaky 47,35 mln tonnadan 70,43 mln tonna ýetdi.

Umumylykda, liderleriň üçlügi 2021-nji ýylda 382,7 mln tonna bilen bahalandyrylýan dünýädäki STG-niň umumy eksport möçberiniň 60%-ini üpjün etdi. 2020-nji ýylda STG-niň umumy eksport möçberi 362,96 mln tonna boldy.

Awstraliýadan, Katardan we ABŞ-dan STG-niň umumy eksport möçberi (228,5 mln tonna) geçen ýylky görkezijilerden (202,85 mln tonna) 12,6% ýokary boldy. Liderleriň üçlüginiň umumy STG üpjünçiliginiň köp bölegi Aziýanyň paýyna düşdi – 173,39 mln tonna ýa-da umumy göwrümiň 76%-i. Indiki uly import ediji Ýewropa boldy – 40,91 mln tonna (18%). Onuň yzyndan Günorta Amerika gelýär, onuň paýyna 13,98 mln tonna (takmynan, 6%) düşdi.

Awstraliýadan STG-niň 30 müň tonna Ispaniýa iberilenden daşary, eksportynyň ählisi diýen ýaly Aziýa ýurtlarynyň paýyna düşdi. Awstraliýanyň gazyny, esasan, Hytaý (31,86 mln tonna) we Ýaponiýa (27,39 mln tonna) import etdi.

Şol bir wagtyň özünde Katar, esasan, Aziýa (59,12 mln tonna) we Ýewropa (16,81 mln tonna) eksport etdi. Ol Latyn Amerikasyna eksporty tas üç esse, 1,67 mln tonna çenli ýokarlandyrdy.

ABŞ-dan STG-niň Aziýa 34,06 mln tonnasy (geçen ýyl bilen deňeşdirilende 47,6% ösüş), Ýewropa 24,07 mln tonnasy (32% köp) we Latyn Amerikasyna 12,4 mln tonnasy (2020-nji ýyldakydan tas iki esse köp) eksport edildi. 


20.06.2026 11:54
5.3k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

08.06.2026 19:01
5k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.3k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....