Bütindünýä banky: 2023-nji ýyla çenli dünýä ykdysadyýetiniň ösüşi haýallar

  • 12.01.2022 11:46
  • 7.4k+

Dünýä ykdysadyýetiniň ösüş depgini geçen ýyl dikeldişden soň pandemiýa, inflýasiýanyň çaltlaşmagy we karzlaryň ýokary derejesi netijesinde 2023-nji ýylyň ahyryna çenli haýallanar. Şeýle çaklamalar Bütindünýä bankynyň ýanwar aýyndaky “Dünýä ykdysadyýetiniň geljegi” hasabatynda saklanýar diýip, TASS habar berýär.

“2021-nji ýyldaky güýçli ýokary galyşdan soň dünýä ykdysadyýeti COVID-19-yň nobatdaky ştammlarynyň ýaýrama howplary, şeýle-de inflýasiýanyň, karzyň we girdeji deňsizliginiň ýokarlanmagy sebäpli haýallanma döwrüne gadam basýar, bu hem bazar emele gelýän ýurtlarda we ösýän ýurtlarda dikelişi howp astyna goýup biler” – diýip, hasabatyň awtorlary hasaplaýarlar.

Olaryň çaklamalary boýunça, dünýä ykdysadyýetiniň ösüş depgini ep-esli haýallanar – 2021-nji ýyldaky 5,5%-den 2022-nji ýylda 4,1%-e we 2023-nji ýylda 3,2%-e çenli. 

“Omikron-ştammynyň çalt ýaýramagy pandemiýanyň ykdysady işjeňlige ýetirýän ýaramaz täsiriniň ýakyn wagtda bes etmejekdigini görkezýär. Mundan başga-da, uly ýurtlarda, şol sanda Birleşen Ştatlarda we Hytaýda ykdysady ösüş depgininiň ep-esli haýallanmagy bazar emele gelýän ýurtlarda we ösýän ýurtlarda daşarky islege ýaramaz täsir eder” – diýip, Bütindünýä banky belleýär.

Hünärmenler, bir tarapdan, ösen ýurtlaryň we beýleki tarapdan, bazar emele gelýän ýurtlaryň we ösýän ýurtlaryň arasyndaky ykdysady ösüş depginleriniň barha artýan deňsizligine ünsi çekýärler. Ykdysady taýdan ösen ýurtlarda ösüş depginleriniň 2021-nji ýyldaky 5%-den 2022-nji ýylda 3,8%-e we 2023-nji ýylda 2,3%-e çenli haýallanmagyna garaşylýar. Bazar emele gelýän ýurtlarda we ösýän ýurtlarda ykdysady ösüş depgini 2021-nji ýyldaky 6,3%-den 2022-nji ýylda 4,6%-e we 2023-nji ýylda 4,4%-e çenli peseler. “2023-nji ýyla çenli ähli ösen ýurtlarda önümçiligiň göwrümi doly dikeler, bazar emele gelýän ýurtlarda we ösýän ýurtlarda ol pandemiýadan öňki derejesinden 4% pes bolar” – diýlip, hasabatda aýdylýar. 


düýn 11:05
3.7k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

26.06.2026 08:04
7k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

24.06.2026 16:45
1.2k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......