Türkmenistanyň mekdepleri gyşky dynç alyşdan soň okuwçylary garşylamaga taýýar edildi

  • 10.01.2022 23:11
  • 19k+

10-njy ýanwarda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda gyşky dynç alyş möwsüminden soň, mekdeplerde görlen taýýarlyk işleri barada hem hasabatlar berildi.

Iş maslahatynda bilim ministri G.Ataýewa mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş möwsüminiň tamamlanmagy bilen, mekdepleriň taýýarlyk derejesi, olaryň ýyladyş işlerini üpjün etmek boýunça alnyp barlan çäreler barada hasabat berdi. Gyşky dynç alyş möwsüminde mugallymlar üçin okuw-usuly maslahatlar guralyp, olarda okatmagyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak boýunça pikir alyşmalar boldy.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow mekdeplerde bilim bermek işlerini täzeçe usullarda guramalydygyna ünsi çekip, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Şeýle hem türkmen Lideri bilim edaralarynyň okuw maksatnamalaryna pederlerimiziň döreden asylly ýörelgeleriniň, däp-dessurlarynyň girizilmegi bilen baglanyşykly teklipleri taýýarlamagyň zerurdygyny aýtdy.


düýn 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.8k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......