Туркменистан увеличит своповые поставки газа в Азербайджан через Иран до 15 млрд кубов

  • 09.01.2022 22:14
  • 7.7k+

Türkmenistan we Eýran Yslam Respublikasy Eýranyň üsti bilen «swop» görnüşde Azerbaýjana iberilýän türkmen tebigy gazynyň möçberini ýylda 15 milliard kub metre çenli artdyrmagy meýilleşdirýär. Bu meselä Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň Eýrana gulluk iş saparynyň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn eneregetika ugurly gepleşikleriň dowamynda garaldy. Bu barada Eýranyň nebit ministri Jawad Owjiniň sözlerine salgylanyp, «Trend» agentligi habar  berýär.

Jawad Owji bu barada aýdyp, ýurtlaryň arasynda ýakyn günlerde energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk barada resminamalar toplumyna gol çekiljekdigini mälim etdi.

TmCars.info-nyň ozal habar berşi ýaly, geçen ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň çäklerinde Eýranyň, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň arasynda tebigy gaz alyş-çalşygy hakynda üçtaraplaýyn ylalaşyk gazanyldy. Bu babatda Eýranyň hem-de Azerbaýjanyň arasynda degişli şertnama gol çekildi. Şonuň esasynda 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan türkmen tebigy gazy «swop» görnüşde Azerbaýjana iberilip başlandy.


17.01.2026 08:47
5.1k+

В ТКНПЗ планируется модернизация инфраструктуры

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
3.8k+

Из новой скважины на месторождении Хазарлы получен мощный приток газа

На месторождении Хазарлы в Лебапском велаяте из новой скважины получен мощный приток природного газа, сообщила газета Nebit-Gaz. Речь идет о скважине «Хазарлы-3», пробуренной экспедицией «Marynebitgazgözleg» Государственной корпорации «Türkmengeologiýa»...

27.12.2025 13:07
11k+

В 2026 году начнется освоение четвертого этапа месторождения «Galkynyş»

В начале 2026 года китайская нефтегазовая корпорация CNPC начнет в Туркменистане реализацию четвертой очереди промышленного освоения газового месторождения «Galkynyş». Проект направлен на дальнейшее раскрытие ресурсного потенциала месторождения и укрепление энергетических возможностей страны...

24.12.2025 14:12
20k+

Составлен рейтинг 10 крупнейших стран по добыче природного газа

Природный газ остаётся одним из ключевых энергоресурсов, а свежие данные по добыче показывают, насколько сосредоточенным стал мировой рынок. Инфографика, основанная на данных Statistical Review of World Energy Энергетического института США по итогам прошлого года, отражает, какие страны задают тон рынку на фоне тесной связи энергетики, геополитики и климатической повестки...