Rumyniýada mata örtüginiň dakylmagyna $570 möçberinde jerime girizildi

  • 09.01.2022 14:50
  • 10k+

8-nji ýanwardan Rumyniýada mata örtükleriniň dakylmagyna gadaganlyk güýje girýär we düzgüni bozanlara 2,5 müň Rumyniýa leýasyna çenli möçberde ($574,37) jerime salnar. Bu barada Içeri işler ministri Luçian Bode Digi24 teleýaýlymyna beren interwýusynda aýtdy. Muny rbc.ru ýetirýär. 

Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça milli komitetiň kararyna laýyklykda, Rumyniýanyň ýaşaýjylary jemgyýetçilik ýerlerine diňe burnuny we agzyny doly ýapýan FFP2 gorag derejeli lukmançylyk örtüklerinde we respiratorlarda baryp bilerler. 

Bu düzgün bäş ýaşa çenli çagalara, otagda ýeke bolan adamlara, 3 m aralygy berjaý eden ýagdaýynda telealypbaryjylara we olaryň myhmanlaryna degişli bolmaz. Sosial araçäk saklanan halatynda ybadat wagtynda, köpçüligiň öňünde çykyş edilende we sport bilen meşgullanylanda “dogry” örtükleri dakynmaga mejbur edilmez. 

Bodeniň aýtmagyna görä, örtükleri saýlamaga degişli çäklendirmeler çenden çykma hasaplanmaýar. Bu “omikronyň” çalt ýaýraýanlygy sebäpli zerurdyr. Örtükler bilen bagly kanunyň berjaý edilmegine polisiýa işgärleri we žandarmlar gözegçilik eder. 

Soňky bir günüň dowamynda Rumyniýada 6036 adam koronawirus bilen keselledi, bu ondan öňki günden 114 hadysa köpdür diýlip, ýurduň COVID-19 bilen bagly portalynyň maglumatlarynda bellenilýär. Olardan 521 adam 180 günüň dowamynda ikinji gezek keselledi. Pandemiýa başlany bäri ýurtda 1,83 milliondan gowrak koronawirus hadysasy ýüze çykaryldy. 


17.05.2025 09:07
6.7k+

Rumyniýada ýerli ýaşaýjy 1 500 töweregi gadymy rim teňňeli hum tapdy

Rumyniýada Letka-Weçe obasynyň golaýyndan 1469 sany gadymy rim teňňeli hazyna tapyldy. Ony metal gözleýji detektor bilen  işlemeklige höwesek ýerli ýaşaýjy Marius Manžeak tapdy diýip, New York Post ýazýar. Manžeak, köplenç, metal gözleýji detektory alyp, güýmenje üçin ýeke özi meýdanlarda we tokaýlarda aýlanýandygyny gürrüň berdi...

19.04.2025 17:48
7k+

Rumyniýada daklara degişli hazynaly hum tapyldy

Mureş uýezdinde ýerleşýän Brýaza rumyn kommunasyndan iki höwesjeň demir gözleýji detektory ulanyp, gadymy frakiýa taýpalaryna – daklara degişli hazyna tapdy. Arkeonews neşiriniň maglumatlaryna görä, tapyndynyň düzümine alty sany şaý-sep girýär...

16.03.2025 12:07
3.6k+

Lidar Rumyniýanyň sümme tokaýlarynda 5000 ýyllyk gadymy oturymly ýerleri tapmaga kömek etdi

Arheologlar lidaryň kömegi bilen Rumyniýanyň sümme tokaýlarynda 5000 ýyllyk berkitmeli oturymly ýerleri tapdylar. Lazer arkaly skanirleme agaçlaryň gyrymsylygynyň astynda asyrlarboýy gizlenip ýatan eneolit döwrüniň...

27.01.2024 14:57
4.4k+

Rumyniýa “Ýewrowideniýe – 2024” bäsleşigine gatnaşmaz

Rumyniýa şu ýyl “Ýewrowideniýe” halkara aýdym-saz bäsleşigine gatnaşmaz. Bu barada Rumyniýanyň telewideniýesiniň Dolandyryş geňeşine salgylanyp, TASS habar berýär. “Maliýe kynçylyklary we Rumyniýany ýokary derejede...