Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystanda iş saparynda bolýar

  • 08.01.2022 18:30
  • 13k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet agzalary Owganystana iş saparynyň çäklerinde 8-nji ýanwarda Owganystanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Abdul Salam Hanafi, Daşary işler ministriň orunbasary Şer Mohammad Abbas Stanikzaý, Magdan we nebit önümleri ministri Şahabuddin Delewar, Oba hojalyk, suwaryş we maldarçylyk ministriniň orunbasary Möwlewi Sader Azan bilen duşuşyklary geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar derwaýys ugurlar boýunça bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagynyň depgininiň işjeňleşdirilmegine aýratyn üns berdiler. Bu ugurda iki ýurduň Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik geçirijisiniň hem-de Türkmenistandan Owganystanyň birnäçe welaýatlaryna demir ýollaryň gurluşygynyň has hem ilerledilmegine taýýardyklary beýan edildi.
Nobatdaky duşuşygyň dowamynda türkmen tarapynyň Owganystanda parahatçylygyň, ylalaşygyň hem-de bitewüligiň tizden-tiz berkarar bolmagy üçin degişli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna, zerur şertleriň döredilmegine goňşy we bitarap döwlet hökmünde goldaw bermäge taýýardygy ýene-de bir gezek tassyklanyldy.
Owgan tarapy goňşy ýurda yzygiderli goldaw berýän Türkmenistanyň Hökümetine hem-de halkyna çuňňur minnetdarlyk sözlerini beýan etdi.


düýn 18:54
3.5k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.6k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......