Awiasiýa işini ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy

  • 08.01.2022 08:29
  • 22k+

Hökümetiň 7-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew «Awiasiýa işini ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak baradaky» Kararyň taslamasy boýunça hasabat berdi.

“Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek maksady bilen, şeýle hem “Türkmenistanda ygtyýarlylandyrmak işini guramagy kämilleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 29-njy maýynda çykaran Kararyna laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Adalat ministrligi bilen bilelikde degişli Düzgünnamanyň taslamasyny taýýarlandygy habar berildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, awiasiýanyň dolandyryş ulgamyna häzirki zaman usullaryny, menejmenti giňden ornaşdyrmak baradaky meselelere ünsi çekip, hödürlenen resminama gol çekdi hem-de ony sanly ulgam arkaly Agentligiň ýolbaşçysyna iberip, onuň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek barada degişli görkezmeleri berdi.


şu gün 07:42
445

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......