Fewral aýynda Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi geçiriler

  • 08.01.2022 08:11
  • 12k+

7-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň 2022-nji ýyldaky ilkinji mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň dowamynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow döwleti we onuň institutlaryny geljek 30 ýylda ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlemegiň gerekdigine ünsi çekip, şu ýylyň fewral aýynyň başynda Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini geçirmegi teklip etdi. 

Mejlisde geljek 30 ýylda ýurdy ösdürmegiň maksatnamalaryna serediler we olar tassyklanylar. Şeýle hem 2021-nji ýylda alnyp barylan işleriň jemleri jemlener we şu ýyl üçin wezipeler kesgitlener. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini geçirmek bilen bagly ähli guramaçylyk işlerini umumy utgaşdyrmagy Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewa, wise-premýer S.Berdimuhamedowa tabşyrdy.


düýn 17:48
3.8k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

düýn 12:12
2.4k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 14:40
2.4k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....