Ispan awiakompaniýasynyň uçarlary Daşoguz howa menzilinde ýangyç guýduryp geçýärler

  • 07.01.2022 13:20
  • 26k+

Wamos Air ispan awiakompaniýasynyň uçarlary Daşoguz şäheriniň halkara howa menzilinde tehniki duralga edip başladylar. Awiakompaniýanyň howa gämileri Ýewropadan Aziýa we yzyna uçuş edenlerinde Türkmenistanda ýangyç guýduryp geçerler diýip, türkmen metbugaty habar berýär.

Wamos Air 2003-nji ýylda döredildi we öň Pullmantur Air adyny göterýärdi. Awiakompaniýanyň ştab-kwartirasy Madridde ýerleşýär. Awiakompaniýa uzak aralyklara ýolagçy gatnawlaryny amala aşyrmaklyga ýöriteleşýär.
Häzirki zaman infrastrukturasy Türkmenistana daşary ýurtly awiagatnadyjylara ýokary hilli hyzmatlary hödürlemäge mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň howa menzilleriniň aglabasy ýokary geçirijilik kuwwatyna hem-de halkara derejesine eýedir.


19.06.2026 10:10
3.3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.9k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......