«Dünýädäki iň çalt kompýuteriň» tizligi sagatda 100 kilometre ýetdi

  • 04.01.2022 17:30
  • 13k+

Ýakynda internet ulgamynda “Dünýädäki iň çalt kompýuteriň” tizliginiň sagatda 100 kilometre ýetendigi barada maglumatlar peýda boldy. Gürrüň haýsy, has takygy, nähili kompýuter barada barýar? Bu hakynda ferra.ru habar berýär.

“Dünýädäki iň çalt kompýuter” diýlende biz, adatça, kompýuteriň işleýşiniň tizligi hakynda pikir edýäris. Ýöne bu ýerde gürrüň sagatda kilometrler bilen ölçenilýän düýbünden başga tizlik hakda barýar.
Sega kompaniýasy ASRock bilen hyzmatdaşlykda uzakdan dolandyrylýan ulagyň şassisine gurlan kompýuteri döretdi. Hut şol kompýuter hem sagatda 100 kilometr tizlige ýetmegi başardy. Bu ýaryşa diňe Ýaponiýanyň ýaşaýjylary gatnaşdyryldy.
Döredilen kompýuteriň enjamlarynyň hataryna Intel Core i9-12900K, ASRock Z690M Mini-ITX enelik platasy, ASRock Radeon RX 6900 XT OC Formula 16GB grafiki kartasy, 32GB goşa kanally RAM we 2TB SSD girýär. Kompýutere Sega-nyň oýunlary öňünden gurlandyr.


düýn 12:35
1.5k+

iFixit «Trampofonuň» bejerilip bilinme ýagdaýyna 10 baldan 3 bal berdi

iFixit-iň hünärmenleri «Trump Mobile» smartfonuna bejerilme mümkinçiligi boýunça 10 baldan bary-ýogy 3 bal berdiler we bu enjam tutuşlygyna diýen ýaly «HTC U24 Pro» modelini gaýtalaýar diýen netijä geldiler....

düýn 08:32
2.6k+

Ýat mikroshemalarynyň gymmatlamagy sebäpli dünýäde smartfon önümçiligi azaldy

TrendForce analitiki kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi üçin dünýäniň smartfon bazarynyň ýagdaýy barada hasabatyny neşir etdi. Onuň maglumatlaryna görä, şu ýylyň ilkinji üç aýynyň dowamynda dünýäde,......

12.06.2026 23:56
2k+

Emeli aň Abu-Dabide ilkinji gezek dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak operasiýasyny geçirdi

Abu-Dabide robot tehnologiýalaryny we emeli aňyň üsti bilen dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak boýunça ilkinji operasiýa ýerine ýetirildi. Emirates News Agency (WAM) agentliginiň habar bermegine görä, bu......

09.06.2026 23:04
2.8k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......