Berdimuhamedow «Galkynyş» gaz känine bardy

  • 04.01.2022 08:49
  • 9.3k+

3-nji ýanwarda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. 

Döwlet Baştutany uçuş wagtynda ýurdumyzda çap edilýän metbugat neşirleriniň mazmuny bilen tanyşdy. Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow uçuşyň dowamynda telefon arkaly jaň edip, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewe “Türkmenhowaýollary” agentliginiň işini kämilleşdirmek, onuň işine dünýäniň ösen tejribesini ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatynyň dolandyryş merkeziniň howa menzilinden dikuçarda tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan iri “Galkynyş” gaz känine tarap ugrady. Döwlet Baştutany bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşmagyň dowamynda edara binasyna bardy. Onuň ikinji gatynda bu sebitde hünärmenleriň hasaplamalaryna görä ýüze çykarylan, ägirt uly gorlara eýe bolan tebigy känler, olary özleşdirmegiň ugurlary barada giňişleýin maglumat berýän çyzgylar, birnäçe taslamalaryň görnüşleri goýlupdyr.

“Türkmengaz” döwlet konserniniň tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň direktory uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryny öwrenmek, onuň gaýtadan işlenilýän möçberlerini artdyrmak boýunça häzirki zaman ylmynyň ösen tejribelerini özleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Soňra “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň ýolbaşçysy ýurdumyzyň dürli künjeklerinde alnyp barylýan geologiýa-gözleg işleri, bu ugurda ulanylýan ylmy tejribeleriň aýratynlyklary barada hasabat berdi. “Türkmengaz” döwlet konserniniň ýolbaşçysy pudagy ösdürmäge gönükdirilýän maýa goýum serişdeleri, ony netijeli özleşdirmek ugrunda amala aşyrylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Ş.Abdrahmanow häzirki döwürde bu ulgamda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, toplumyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, şeýle hem täze nebitgaz guýularyny burawlamak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany görkezilen çyzgylar, täze gaz känlerini özleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleriň çözülişi bilen tanyşdy.


20.06.2026 11:54
5.1k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......