Aşgabatdaky Täze ýyl arçasy GDA-da iň ulusy boldy

  • 04.01.2022 00:06
  • 15k+

Baýramçylyk ruhuny götermek üçin Täze ýylyň öňüsyrasy şäher häkimlikleri her ýyl şäherleriň baş meýdançalarynda arça dikýärler. Sputnik telegram-kanaly Arkalaşygyň döwletlerinde Täze ýyl-2022 üçin dikilen iň uly arçalar barada maglumat ýygnady. 

Iň sada arça Moldowanyň paýtagty Kişinýowda oturdyldy, onuň beýikligi 20 metr bolup, bu 7 gatly ýaşaýyş jaýy bilen deňdir.
Onuň yzyndan Gazagystanyň paýtagty Nur-Soltanda we Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde oturdylan arçalar gelýär. Olaryň beýikligi 25 metre barabar.
Russiýanyň paýtagty Moskwada beýikligi 28 metr bolan arça dikildi. 
2021-nji ýylda Täjigistan Täze ýylyň iň uly nyşanlarynyň arasynda lider boldy. Duşanbäniň Täze ýyl arçasynyň her ýyl bir metr “ösýändigi” bilen bagly däbe eýerip, ýurduň garaşsyzlygynyň ykrar edilen gününden bäri ýyl sanyna görä paýtagtda 30 metrlik agaç oturdyldy. 
Belarusyň Minsk şäherini 33 metrlik arça bezeýär, Bakuwda bu arça bir metr, Daşkentde bolsa iki metr beýik, şol sebäpli ol GDA döwletleriniň paýtagtlarynyň arasynda beýikligi boýunça üçünji uly arçadyr. 
Ýerewanyň arçasy Özbegistanyňkydan 3 metr beýik bolup, Arkalaşykda iň uly arçalaryň arasynda 37 metr beýiklik bilen ikinji orny eýeledi.
Bu ýyl rekord 4 metr tapawut bilen Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde oturdylan arça tarapyndan goýuldy. Onuň beýikligi 41 metr bolup, bu 14 gatly ýaşaýyş jaýy bilen deňdir.


19.06.2026 10:10
3.3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:32
4.5k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.9k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......