Fransiýada miweler we gök önümler üçin plastik gaplary ulanmak gadagan edildi

  • 03.01.2022 23:59
  • 5.9k+

Fransiýada miweleri we gök önümleri gaplamak üçin plastik gaplary ulanmagy gadagan edýän düzgün güýje girdi. Bu barada Phys.org web sahypasyna salgylanyp, ferra.ru habar berdi.

Tebigaty goraýjylar köp wagt bäri bir gezek ulanylýan plastik gaplara garşy göreş çärelerini alyp barýarlar. Ýakynda Fransiýanyň Prezidenti Makron olaryň çemeleşmesini hem-de başlangyjyny goldap çykyş etdi. Indi Fransiýada, meselem, 1,5 kilogramdan az bolan almany plastik gaplarda satyp bolmaz. Bu babatdaky doly gadaganlyk 2026-njy ýyla çenli girizilmez, bu bolsa kompaniýalara täze düzgüne uýgunlaşmaga mümkinçilik berer. Mundan başga-da, bar bolan plastik gaplary ulanyp gutarmak üçin alty aý möhlet berildi.
Muňa garamazdan, bu başlangyjyň bazaryň wekilleri üçin artykmaç çykdajylary döredip biljekdigi aýdylýar.


düýn 14:28
919

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

19.06.2026 20:02
1.5k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

18.06.2026 22:30
4k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

17.06.2026 17:35
3.9k+

Mariýa-Antuanettä henizem hat ýazýarlar: Fontenblo köşgüne 4 müň hat geldi

Fransiýadaky Fontenblo köşgi «Galamyňyzy alyň-da, Mariýa-Antuanettä hat ýazyň!» diýen uly göwrümli çäräniň çäginde takmynan 4 müň hat aldy. Bu başlangyç Lýudowik XVI we Fransiýanyň soňky höküm süren şazenany......