Ýaponiýanyň Hökümeti 2022-nji ýylda ýurduň esasy maksadyny mälim etdi

  • 03.01.2022 13:58
  • 6.9k+

Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida 2022-nji ýyl üçin ýurduň esasy maksadyny mälim etdi. Bu barada TASS agentligi habar berýär. 

Kisidanyň sözlerine görä, onuň geçen ýylyň oktýabrynda häkimiýete gelen Hökümetiniň esasy maksady koronawirusa garşy göreşmek bolup durýar. Ol COVID-19-a garşy sanjymlaryň güýçli depgini netijesinde Ýaponiýada epidemiologik ýagdaýyň birneme köşeşendigini belledi, muňa garamazdan, ýurt koronawirusyň omikron ştammynyň howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar.
Premýer-ministr ýurduň Hökümetiniň mundan beýläk-de koronawirusa garşy göreşmek boýunça çärelere hem-de ykdysadyýeti dikeltmäge ilkinji orunda üns berjekdigini nygtady.
Ýeri gelende bellesek, geçen ýylyň noýabrynda Kisida dünýäde koronawirusyň omikron ştammynyň ýaýrandygy sebäpli, ýurduň öz serhetlerini ýapýandygyny habar beripdi. Bu çäklendirme 30-njy noýabrdan başlap herekete girizildi we ol daşary ýurtly raýatlaryň ählisine degişlidir.


düýn 15:08
2k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

28.05.2026 12:23
2k+

Kanada maýa goýum özüne çekijiliginiň reýtinginde Hytaýdan öňe geçdi

Kanada we Ýaponiýa «Kearney FDI Confidence Index 2026» maýadarlaryň ynam reýtinginde öz ornuny berkitdi, Hytaý bolsa on ýylyň içinde ikinji orundan dördünji orna düşdi....

26.03.2026 21:03
4.8k+

Ýaponiýanyň premýer-ministriniň Türkmenistana saparyny guramak meýilleşdirilýär

2026-njy ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow Ýaponiýanyň Daşary işler boýunça Döwlet ministri Aýano Kunimitsu bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär....

24.03.2026 19:24
2k+

Türkmenistan Ýaponiýadaky «Green EXPO 2027 Yokohama» sergisine gatnaşmagy meýilleşdirýär

2026-njy ýylyň 23-nji martynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A. Baýramowyň «Green EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergi assosiasiýasynyň Baş sekretary Masato Komura bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär...