Messi we «PSŽ-niň» ýene-de 3 oýunçysy kowid bilen keselledi

  • 03.01.2022 00:30
  • 13k+

Lionel Messi koronawirus bilen keselledi.
«PSŽ» futbol kluby COVID-19-a položitel test tabşyran oýunçylarynyň sanawyny neşir etdi. Argentinaly oýunçydan başga-da, sanawa goragçy Huan Bernat, derwezeban Serhio Riko we ýarymgoragçy Natan Bitýumazalýa girdi.

Pariž klubynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, kesellänleriň ählisi üzňeleşdirildi we hereket edýän lukmançylyk protokolynyň talaplaryny berjaý edýärler.
Klubyň oýunçylarynyň ählisi gyşky arakesmeden dolanyp gelenlerinden soň, barlagdan geçdiler.
3-nji ýanwarda «PSŽ» Fransiýanyň 1/16 final tapgyrynda «Wann» kluby bilen duşuşar.
19 tapgyrdan soň, «PSŽ» ýurduň çempionatynyň ýaryş jedwelinde 46 utuk bilen birinji orunda ýerleşýär.
Messi geçen tomusda kluba goşulyp, 16 oýunda alty gol we bäş sany netijeli ýardam pasyny geçirdi.


düýn 19:10
5.3k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.1k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.7k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.6k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....