Ýewropada gazyň bahasy 2021-nji ýyly 1 müň kub metrine 800 dollardan az bahada tamamlady

  • 03.01.2022 00:19
  • 5.2k+

Anna güni, 31-nji dekabrda birža söwdalarynyň barşynda Ýewropada gazyň bahasy 10-njy noýabrdan bäri ilkinji gezek 1 müň kub metrine 800 dollardan aşak düşdi. Muňa Londonyň ICE biržasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär.

Niderlandlardaky TTF habynda fewralyň fýuçersleriniň bahasy 1 müň kub metrine 796 dollara çenli aşaklady. Söwdanyň başyndan bäri umumy aşaklama 22 göterimden gowrak boldy.
Şol bir wagtda geçen hepdedäki taryhy rekord bilen deňeşdireniňde, gazyň bahasy üç esse diýen ýaly aşak düşdi. 21-nji dekabrda Ýewropada gazyň birža bahasy taryhda ilkinji gezek 1 müň kub metrine 2 müň dollardan geçdi.
30-njy dekabrda Ýewropada gazyň fýuçersleriniň bahasy 6-njy dekabrdan bäri ilkinji gezek 1 müň kub metrine 1 müň dollardan aşak düşdi.


20.06.2026 11:54
5.3k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

08.06.2026 19:01
5k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.3k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....