Fransiýa Ýewropa Bileleşiginde başlyklygy kabul etdi

  • 03.01.2022 00:10
  • 2.6k+

2022-nji ýylda Ýewropa Bileleşiginde başlyklyk Fransiýa geçdi. Bu şanly waka mynasybetli Eýfel diňi we Luwr Ýewropanyň reňkine — mawy reňke yşyklandyryldy diýip, Euronews habar berýär.

Ýanwar aýynyň birinji hepdesinde Fransiýanyň tutuş çägindäki başga-da onlarça esasy ýadygärlikler şu görnüşde yşyklandyrylar.
Fransiýa başlyklyk edýän döwründe has özbaşdak, ynsanperwer Ýewropada we Ýewropa ykdysady nusgasynda ünsi jemlär. Ýurduň Prezidenti Emmanuel Makronyň öňünde migrasiýa çökgünligi we pandemiýanyň täsirleri ýaly ýiti meseleler durýar.

«13 ýyldan bir gezek bolup geçýän bu başlyklygy siziň üçin ösüş döwrüne, serhetlerimiziň, goragymyzyň, howa geçişimiziň, erkekler bilen aýallaryň arasyndaky deňligiň, afrika yklymy bilen täze bileleşigi gurmagyň, Internetiň esasy platformalaryna has oňat gözegçiligiň hem-de Ýewropada medeniýetiň gözegçilik astynda saklanmagy üçin ösüşiň döwri etmek babatda meniň doly taýýarlygyma bil baglap bilersiňiz» — diýip Fransiýanyň Prezidenti aýtdy.

Bu ýarym ýylda Fransiýada prezidentlik kampaniýasy geçiriler we döwlet Baştutanynyň çalyşmagy mümkin, eýýäm 1-nji iýuldan bolsa Fransiýa ÝB-niň Geňeşinde ygtyýarlyklaryny Çehiýa Respublikasyna geçirer.


02.06.2026 21:16
5.4k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......

31.05.2026 13:30
6.9k+

Fransiýada 3D-printerde Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýy çap edildi

Fransiýada 3D çap tehnologiýasy ulanylyp gurlan Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlandy. 12 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýy üç gatly bina bolup, bary-ýogy 34 günde çap edildi....

22.05.2026 14:19
2k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....