Fransiýada çagalar 6 ýaşdan agyz-burun örtüklerini dakar

  • 02.01.2022 22:27
  • 4.4k+

3-nji ýanwardan başlap Fransiýada çagalara eýýäm alty ýaşdan başlap jemgyýetçilik ýerlerinde hökmany agyz-burun örtüklerini dakynmak düzgüni giriziler. Degişli karar şenbe güni ýurduň Journal officiel resmi habar saýtynda neşir edildi.

Öň bu düzgün ýurduň ilatynyň 11 ýaşdan uly adamlaryna degişlidi.
Agyz-burun örtükleri ulagda, jemgyýetçilik edaralarynda, sport toplumlarynda, dini edaralarda dakylmaly. Şäherleriň birnäçesinde, şol sanda Parižde agyz-burun örtük dakynmak düzgüni köçelerde hem hereket edýär.

Täze talaplar Fransiýada täze okuw ýylynyň başlanmagy hem-de COVID-19 bilen kesellemäniň sanynyň artmagy bilen baglanyşyklydyr. Ýurduň häkimiýetleri koronawirus ýokanjynyň sanynyň rekord derejede artmagyna aladalanýarlar. Anna güni Jemgyýetçilik saglygyny goraýyş milli agentligi 232 müň täze kesel ýagdaýynyň hasaba alnandygyny habar berdi.
Häzirki wagtda COVID-19 kesel alamatlary bilen Fransiýanyň hassahanalarynda 18,7 müň adam ýatyr.
67 million ilaty bolan ýurtda sanjymy 53 milliona golaý adam aldy. 2021-nji ýylyň 30-njy dekabryna çenli ýagdaýa görä, buster sanjymyny 24,1 milliondan gowrak adam aldy.


düýn 23:10
2.2k+

Şäherleriň adam başyna düşýän kitaphanalaryň sany boýunça dünýä reýtingi düzüldi

Warşawa adam başyna düşýän jemgyýetçilik kitaphanalarynyň sany boýunça dünýäde birinji orny eýeledi. Bütindünýä şäher medeniýetleri forumynyň maglumatlaryna görä, Polşanyň paýtagtynda her 100 000 ýaşaýja 11,98......

05.06.2026 11:37
3.8k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......

04.06.2026 17:20
3.1k+

«Belgiýa barýan yz»: Luwruň talaňçylygy täze taraplardan açylýar

Luwrdaky şa gymmatlyklarynyň ogurlanmagy bilen bagly jenaýat işini alyp barýan derňewçiler Belgiýa bilen arabaglanyşykly täze çaklamany gözden geçirýärler....

02.06.2026 20:32
7.6k+

Fransiýadaky muzeýden 6,2 million dollara satyn alnan banan ogurlandy

Fransiýanyň Pompidu-Mes merkezinden italýan suratkeşi Maurisio Kattelanyň bahasy 6,2 million dollar töweregi bolan «Komediant» atly sungat eseri ogurlandy. Eser diwara lentanyň kömegi bilen ýelmenen banandan......