Smartfonyň kuwwatyny has çalt azaldýan programmalar mälim edildi

  • 02.01.2022 10:20
  • 15k+

PCloud kompaniýasy haýsy mobil goşundynyň smartfonyň kuwwatyny has çalt azaldýandygyny anyklamak üçin dürli programmalary seljerdi. Onuň netijesi barada PCMag portalyna salgylanyp, msn.com habar berdi.

Hünärmenler programmalaryň haýsy funksiýalary ulanýandygyna, näçeräk batareýa talap edýändigine we bu programmalaryň fon (arka) režiminiň bardygyna ýa-da ýokdugyna üns berdiler. Iň köp zarýad alýan mobil goşundylaryň ilkinji bäşligine Facebook, Fitbit, Skype, Uber we Verizon girdi.

Umuman aýdanyňda, ilkinji 20-lige Facebook, Instagram, Linkedin, Snapchat, YouTube we WhatsApp ýaly sosial media programmalary girýär. Olaryň hemmesi birbada 11 funksiýanyň  arka režimde işlemegine mümkinçilik berýär. Bumble, Grindr we Tinder tanyşlyk programmalarynyň hem köp kuwwat talap edýändigi nygtalýar.


26.06.2026 14:55
2k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.6k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.4k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......