Bosgunlar üçin ÝB-niň has isleg bildirilýän ýurdy belli boldy

  • 28.12.2021 19:35
  • 7.7k+

COVID-19 pandemiýasy sebäpli 2020-nji ýylda Ýewropa Bileleşigine öňküsine garanyňda az bosgun barandan soň, indi migrantlaryň sany ýene-de artýar. Aýratynam, migrantlaryň köpüsi Germaniýa gitmek isleýär. 

REN-TW-e salgylanyp, Day.Az-yň bellemegine görä, bosgun statusy üçin Ýewropanyň hut şu ýurduna arzalar köp gelip gowuşýar diýip, Das Erste nemes teleýaýlymy habar berýär. 
Germaniýanyň KHBS-i ÝB-niň statistika edarasyna salgylanyp, 2021-nji ýylyň ilkinji 9 aýynda Ýewropa Bileleşiginde bosgun statusy üçin ilkinji gezek tabşyrylan tas 356 müň arzanyň hasaba alnandygyny tassyklaýar. Bu geçen ýyl bilen deňeşdirilende 15% köpdür. Şol bir wagtyň özünde, GFR-de ýanwar aýyndan sentýabr aýyna çenli ýüz tutmalaryň sany birbada 33% artyp, 100 müňden geçdi. 
Şeýlelik bilen, şu ýylyň ilkinji dokuz aýynda Germaniýa ÝB-e bosgun statusyny almak üçin berlen arzalaryň 28,4%-i degişli boldy. Bu ÝB-niň islendik ýurduna garanyňda köpdür diýip, “Das Erste” ýazýar. 2020-nji ýylyň degişli döwründe Germaniýada bu görkeziji 24,3% boldy.
Bosgunlar üçin isleg bildirilýän ýurtlaryň hatarynda Fransiýa (ÝB-e tabşyrylan arzalaryň 20%-i), 11% bilen Ispaniýa we 8% bilen Italiýa hem bar.


14.06.2026 14:04
3.6k+

ÝB-de Migrasiýa we gaçybatalga baradaky pakt güýje girdi

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan 2024-nji ýylyň maýynda kabul edilen Migrasiýa we gaçybatalga baradaky pakt ÝB-niň ähli ýurtlarynda güýje girdi....

08.06.2026 08:03
5.3k+

Nemes türgeni 367 günde 367 marafon geçdi: zenan bir ýyldan gowrak wagt bäri ylgap ýör

Nemes türgeni Joýs Hýubner yzly-yzyna 367 günüň dowamynda 367 marafon geçip, bu ugurda dünýäde şeýle netije görkezen ilkinji zenan boldy. Bu täsin üstünlik barada Germaniýanyň Spiegel neşiri habar berýär....

07.06.2026 10:00
3.9k+

ÝB bir gezeklik plastik gaplardaky ketçupy, gorçisany we şekeri gadagan edýär

Ýewropa Bileleşigi restoranlarda, kafelerde, myhmanhanalarda we naharhanalarda müşderilere hyzmat edilende souslar, şeker we gaýmak üçin niýetlenen bir gezeklik plastik gaplamalaryny ulanmagy gadagan eder.......

25.05.2026 21:06
8k+

Nemes inženerleri betonyň ýerine plastik we toprak ulanyp, köpri gurýarlar

Germaniyada awtomobil köprülerini gurmagyň täze usuly ulanylyp başlandy, onda adaty demir-beton gurnamalaryň ýerine dykyzlandyrylan toprak we plastik torlar ulanylýar....