Döwletliler köşgünde terbiýelenilýänlere Türkmenistanyň Prezidentiniň sowgatlary gowşuryldy

  • 28.12.2021 12:36
  • 9.1k+

27-nji dekabrda paýtagtymyzyň Döwletliler köşgünde Täze ýyl baýramyna bagyşlanan dabara geçirildi. Dabaranyň dowamynda bu ýerde terbiýelenilýän çagalara türkmen Lideriniň sowgatlary gowşuryldy.

Bu ýere çagalary ýetip gelýän Täze ýyl baýramy bilen gutlamak üçin Aýazbaba we Garpamyk, sungat ussatlary, bilim ulgamynyň wekilleri geldiler. “Joşgun” tans topary myhmanlary ruhubelent çykyşlary bilen garşylady. Köşkde terbiýelenilýänlere Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan mähirli gutlaglar, hoşniýetli arzuwlar aýdyldy hem-de ýurdumyzda öndürilýän dokma önümlerinden, gyş we sport lybaslarynyň toplumlaryndan, gyzjagazlar üçin milli nagyşlar bilen bezelen köýneklerden, süýji-kökelerden ybarat bolan Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy. Bu ýerde terbiýelenilýänleriň öňünde ýurdumyzyň sungat ussatlary — belli aýdymçylar çykyş etdiler.

Şu günki baýramçylyk dabarasy köp sanly Täze ýyl çäreleriniň başyny başlady. 28-nji dekabrda bu ýere Döwletliler köşgünde terbiýelenilýän çagalary gutlamak üçin jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim we medeniýet ulgamynyň, paýtagtymyzyň häkimliginiň wekilleri gelerler, olar hem çagalar üçin sowgatlary taýýarlapdyrlar.


şu gün 17:48
851

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

şu gün 12:12
1.7k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

düýn 10:07
2.8k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 14:40
2.4k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....