Joan Rouling “Garri Potter” franşizasyndan 165 million galleondan gowrak girdeji gazandy

  • 27.12.2021 23:37
  • 4k+

«Garri Potter» franşizasy ýazyjy Joan Roulingi dünýäniň iň köp girdeji gazanýan ýazyjylarynyň birine öwürdi. Žurnalistler awtoryň baýlygyny galleonda hasapladylar. Bu barada riafan.ru habar berýär.

Garri Potter hakyndaky ilkinji filmiň premýerasyndan bäri 20 ýyl geçdi, “diri galan oglanjyk” baradaky kitaplar bolsa dünýäniň dürli ýurtlarynda yzygiderli neşir edilýär. Ýaş jadygöý baradaky eserler Roulingiň halkara hormatyna mynasyp bolmagyna we haýran galdyryjy gonorarlary almagyna mümkinçilik berdi. “RBK” neşiri ýazyjynyň kitaplaryň çykan wagtynda näçeräk gazanandygyny jadyly Angliýanyň pul birligi bolan galleonda hasaplady.

Şeýlelikde, Joan Roulingiň aýtmagyna görä, 1 galleon, takmynan, 5 funt sterlinge deňdir. Garri Potter baradaky ilkinji kitap 1997-nji ýylda çykdy. Bloomsbury Publishing neşirýaty ýazyjynyň döredijiligini 150 galleon ýa-da 1 müň dollar bilen bahalandyrdy. Ýöne tiz wagtdan Scholastic Press neşirýat öýi Roulinge 22,6 müň galleon ýa-da 105 müň dollar töledi. Kitaplar we filmler şowly çykandan soň, Roulingiň girdejisi ep-esli ýokarlandy we netijede, 2019-njy ýylda ol dünýäniň iň köp girdeji gazanýan ýazyjysy diýlip bellenildi. “The Sunday Times-iň” maglumatlaryna görä, 2021-nji ýylda ýazyjynyň baýlygy 1,1 mlrd dollara (165,4 mln galleon) barabar boldy. 

Ýatladyp geçsek, 1-nji ýanwarda franşizanyň ähli muşdaklaryna “Garri Potter 20 ýyldan soň: Hogwartsa dolanyş” atly aýratyn bölümiň çykyşy garaşýar. Bu bölümde filmleriň surata düşürilişinden soň tutuş aktýor düzümi ilkinji gezek jadyly okuw jaýyna ýygnanar. 

düýn 20:25
2.3k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......