«Rönesans holding» 700 orunlyk 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiň binalar toplumyny gurar

  • 26.12.2021 01:24
  • 20k+

24-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow ýöriteleşdirilen harby mekdepleriň okuwçylaryny okatmagyň hilini kämilleşdirmek we olaryň bilim taýýarlygynyň derejesini ýokarlandyrmak, olar üçin häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryna laýyk gelýän okuw şertlerini döretmek hem-de Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, degişli Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Goranmak ministrligine Aşgabat şäheriniň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda Berdimuhamet Annaýew adyndaky 700 orunlyk 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiň binalar toplumynyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Tiсaret A.Ş.” türk kompaniýasy bilen şertnamany, daşarky eltiji suw we lagym üpjünçiliginiň inžener ulgamlaryny gurmak şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi. 

Gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda başlamak we binalar toplumyny 2024-nji ýylyň awgust aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi. 


düýn 20:14
842

Raşid Meredow TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary bilen duşuşdy

30-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada daşary......

düýn 17:05
1.5k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

düýn 16:01
1.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň DIM-iniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi....

29.04.2026 15:42
1.2k+

Türkmenistanda Müsüriň täze ilçisi işe başlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamdi Şaaban......